Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi merkezinde Natalýa Kaluginanyň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli suratkeşiň işleriniň şahsy sergisi açyldy. Natalýa Kalugina surat çekmäge giç başlady.
Natalýa Kalugina sergidäki işlerinden görnüşine görä, ýitiren wagtynyň öwezini artygy bilen doldy. Ol sergide 100-e golaý işini görkezdi. Olar esasan ajaýyp sähranyň we daglaryň gözel ýerleri, şeýle hem zyýarat edilýän keramatly ýerlerdir. Bu ýerleriň hersini görmek üçin molbertli ýa-da ýandepderçeli az wagtlygam bolsa sapara çykmaly, şonuň üçinem Natalýa Kalugina wagtal-wagtal şäher eteklerine gidip, täze işleri döretmäge howlugýar.
Kaluginanyň suratlaryndaky tebigatyň gözellikleri şeýle bir üýtgeşik welin, olar beýleki suratkeşleriňkiden saýry gelýär. Ondan başga hiç kim sährany benewşe-sarymtyl reňkde çekmeýär. Suratkeş keramatly ýerlere höwesini şol ýerleriň köňle rahatlyk berijiligi bilen düşündirýär. Käwagt hyýaly şekilleri döredýär, mysal üçin «Şibli baba» suratynda daşlar içgin syn etseňiz keramatly ýeri alysdan goraýan aždarhanyň kellelerine meňzeýär. Aždarhany yşarat edilmezden görmek mümkinem däl. Adaty bir görnüş ýaly. Belki, bu suratyň syry hem hut şundadyr.
Şäher görnüşleri suratkeşiň döredijiliginde seýrek duşýar. Şeýle-de bolsa, olaryň hersi özboluşlylygy – jaýlaryň dürli reňkli üçekli jaýlaryň kowçumlygy bilen tapawutlanýar. Kaluginanyň suratlarynyň köpüsini sungat muşdaklary gowy bilýärler, sebäbi suratkeş uly sergilere yzygiderli gatnaşýar. Mundan başga-da, Natalýa Pawlownanyň sekiz suraty Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanylýar, özem olaryň käbirleri hemişelik sergilerde görkezilýär.
– Haýsy suratyňyzy has gowy görýärsiňiz? – diýip, men Kaluginadan soradym.
– «Eger-de» – diýip Natalýa Pawlowna ikirjiňlenmän jogap berdi, – sebäbi ol soňky suratym. Ony düýn agşam gutardym. Suratda gyzyl köýnekli bir gyzyň kert gaýadan aşak düşüp gelşi şekillendirilýär. Nakgaş suratyna «Eger-de» diýip üýtgeşik at goýdy, şeýtmek bilen ol tomaşaçylara indiki pursatda nämeleriň boljakdygyny özleri çözmäge mümkinçilik berdi. Gyz arzuw ummanyna atarylyp biler, ýa-da onuň büdräp, togalanyp aşak gaýtmagam mümkin. Ýa-da seresaplylyk bilen aşak inip biler. Surat üçin onuň ady juda möhümdir. Nakgaşlaryň käbiri oňa gowy at tapandan surat çeken aňsat diýýärler. Şu babatda sergide goýlan işleriň biriniň taryhy hasam gyzykly. Ilkibaşda oňa «Botanika bagynyň seýilgähi» diýlip at berildi, indi bolsa «Şopen. 18-nji eser» diýilýär. Täze atdan soň, seýilgähdäki agaçlar, edil polýak kompozitorynyň ajaýyp sazyna tans edip başlana meňzeýär. Bu babatda-da «Torgaýlar saýraşanda» atly suraty hasam gyzykly. Ýiti gün şöhlesi düşýän ýerde asla torgaý ýok. Ýöne suratkeşiň kalbynda olar şeýle bir owadan saýraýar welin, ol suratyň adyna öwrüldi. Natalýa Pawlowna suratlardan başga-da daşlardan ýasalan işlerini hem görkezdi, olaryň her biri türkmen halkynyň taryhy geçmişine sapardyr.
Ussat suratkeşleri we şekillendiriş sungatynyň muşdaklary Natalýa Kaluginanyň döredijiligini özboluşlylygy we baý döredijiligi, eserleriniň hersinde duýulýan mähir hem-de päkniýetlilik üçin halaýarlar.