25-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň at gazanan diplomaty, halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy kafedrasynyň müdiri, professor Amangeldi Rahmanowyň 80 ýaşy mynasybetli dabara geçirildi.
Baýramçylyk çäresine institutyň ýolbaşçylary hem-de professor-mugallymlar düzümi gatnaşdylar.
Doglan güni bellenilýän hormatly, abraýly alymyň we diplomatik gullugyň weterany Amangeldi Rahmanowyň adyna tüýs ýürekden gutlaglar we mähirli arzuwlar, Watanymyzyň gülläp ösmegi, durnuklylygy we abadançylygy, halkara gatnaşyklar ulgamynda ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak ugrunda alyp baran yhlasly, päk niýetli köpýyllyk işleri üçin hoşallyk sözleri ýaňlandy.
Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, professor Amangeldi Rahmanow köp ýyllaryň dowamynda janypkeşlik bilen çeken ýadawsyz zähmeti netijesinde döwletiň daşary syýasy strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine uly mynasyp goşant goşdy. Öz işiniň ussady Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky ilkinji Hemişelik wekili bolup, dünýäniň dürli ýurtlarynda döwletimiziň adyndan çykyş etmek arkaly jogapkärli diplomatik wezipäni abraý bilen ýerine ýetirdi.
At gazanan diplomat halkynyň wepaly ogly bolmak bilen ähli ömrüni Watana hyzmat etmäge bagyşlady we häzir ýurdumyzyň bähbidine maksada gönükdirilen netijeli işlerini dowam edýär. Amangeldi Rahmanowyň Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de alyp barýan işleriniň işjeň häsiýete eýedigi hem-de ýaşlar üçin iň gowy halypalaryň biri bolup durýandygy, professoryň bilimlerini talyplara höwes bilen berýändigi, olaryň ymtylyşlaryny goldaýandygy, ýokary okuw mekdebiň talyplary we mugallymlary bilen gymmatly tejribesini paýlaşýandygy buýsanç bilen bellenildi. Halypa diplomatyň sapaklary we nesihatlary zehinli, ukyply hem-de ähli taraplaýyn ösen ýaşlary terbiýelemekde, ýokary derejeli geljekki halkaraçy hünärmenleriň kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýär.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly diplomata berk jan saglyk, uzak ömür hem-de alyp barýan asylly we möhüm işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler. Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň wekilleri hormatly diplomata dabaraly ýagdaýda ýadygärlik sowgatlary we gül çemenlerini gowşurdylar.