Ï Russiýanyň ýokary okuw mekdebiniň wekilleri türkmen mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýanyň ýokary okuw mekdebiniň wekilleri türkmen mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

view-icon 2149
Russiýanyň ýokary okuw mekdebiniň wekilleri türkmen mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Milli bilim institutynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnoçelni döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň mugallymlary hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler.

Usuly-amaly okuwlaryň açylyşy russiýaly myhmanlaryň, ýurdumyzyň mugallymlarynyň hem-de RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Ý.S.Zaýsewanyň gatnaşmagynda 18-nji noýabrda geçirildi.

Hünär ýokarlandyryş okuwlary Aşgabadyň, Arkadag şäheriniň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň, şol sanda ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlaryny bir ýere jemledi. Diňleýjileriň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, şeýle hem Aman Kekilow, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdepleriniň hem-de Türkmenistanyň beýleki okuw mekdepleriniň mugallymlary bar.

Okuwlar Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnoçelni döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda 2024-nji ýylyň oktýabrynda gol çekilen we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädime öwrülen hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyň çäklerinde guraldy. Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek hem-de işgärleri täzeden taýýarlamak bu resminamanyň möhüm ugurlarydyr.

Okuwlar aşakdaky esasy ugurlardan ybaratdyr:

1. Kiçi mekdep okuwçylaryň matematika we tebigy ylymlar sowatlylygyny ösdürmek hem-de başlangyç mekdepde okatmakda baha bermegiň usullary.

2. Mekdebe çenli bilim edaralarynyň terbiýeçileriniň innowasion işleri.

3. Mekdebe çenli bilim edaralarynda terbiýeçilik-defektologlaryň işiniň mazmuny we guralyşy.

4. Rus dili we edebiýaty mugallymlarynyň hünärini kämilleşdirmek.

5. Döwrüň möhüm wezipelerini çözmekde psiholog-mugallymlaryň mümkinçilikleri.

6. Mekdep okuwçylarynyň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin «Ýaşaýyş-durmuşyň esaslary» hem-de «Bedenterbiýe» derslerini okatmakda döwrebap tehnologiýalary ulanmak.

Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary ýurduň mugallymlaryna sapaklary meýilleşdirmekde we geçirmekde häzirki zaman çemeleşmeleri, bilim işinde innowasion mugallymçylyk tehnologiýalaryny ulanmagyň usullary, sanly bilim serişdelerini işläp taýýarlamagyň we ornaşdyrmagyň usulyýetleri, matematika sowatlylygyny ösdürmäge we döredijilik taýdan zehinli ýaşlary okatmaga çemeleşmeler, şeýle hem beýleki möhüm ugurlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Şulardan ugur alnyp, okuwlar «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndaky» maksatlaryň hem-de wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Okuwlaryň dowamlylygy 72 akademiki sagada deňdir. Okuwlar tamamlananyndan soň, mugallymlara halkara güwänama berler.