Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasion-maglumat merkeziniň çäginde hereket edýän maglumat elýeterliligi merkezi ýurdumyzyň saglyk ýagdaýy zerarly mümkinçiligi çäkli bolan raýatlary bilen kompýuter sowatlylygy boýunça mugt okuw alyp barýar.
Bu ýerde eşidiş ukyby pes çagalary okatmak boýunça oňyn tejribe toplanypdyr, çala görýän adamlar üçin bolsa okuwlar açylypdyr. Okuwlar günde üç sagat bolmak bilen, hepdede üç gezek geçirilýär. Okuwyň dowamlylygy iki-üç aý. Sapaklary şu ugurdan köpýyllyk tejribesi bolan ýokary hünärli hünärmen alyp barýar.
Sapaklarda ýörite tehnologiýalar we Braýlyň ulgamy, ýagny batyllar we çala görýänleriň okap-ýazmagy üçin niýetlenen güberçek nokatly hat boýunça okatmak üçin enjamlar ulanylýar. Görmeýänler üçin ýörite klawiaturanyň ulanylmagy olara internete girmäge, kitap okamaga, elektron hatlary ýazmaga, gulaklyklar arkaly saz diňlemäge mümkinçilik berýär. Bu gurluşlar mümkinçiligi çäkli bolan adamlara kompýuter tehnologiýalaryny öwrenmäge, gerek bolan sanly maglumaty gözlemäge we ulanmaga ýardam edýär.
Merkeziň işgärleriniň belleýşi ýaly, hödürlenýän bu okuwlar häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny öwrenmek we gyzgyn dostluk hem düşünişme ýagdaýynda täze dostdur tanyş tapmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.