Ï Okuw enjamlary gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Okuw enjamlary gowşuryldy

view-icon 2703
Okuw enjamlary gowşuryldy

Merkezi Aziýada Serhet dolandyryşyna ýardam maksatnamasynyň (BOMCA 10) hünärmenleri Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň Döwlet ösümlik karantin gullugyna dolandyrylýan zyýan beriji organizmler üçin EPPO anyklaýyş protokollaryny we okuw enjamlaryny gowşurdylar.

EPPO anyklaýyş protokollary Türkmenistandan Ýewropa we Ortaýer deňzi sebitine ösümlik önümleri eksport edilende anyklaýyş netijelerini bermekde zerurdyr. Okuw enjamlarynda interaktiw ekran, noutbuk, işlemek üçin kompýuterler, SK-monitorlar we web-kameralar bar. Olar uzak aralykdan we göçme okuwyň degişli hilini üpjün eder, şeýle hem dessin meýilnamalaşdyryş mümkinçiliklerini güýçlendirer.

Enjam BOMCA 10 «Serhetlerden kanuny söwda akymlaryny ýeňilleşdirmek» maksatnamasynyň 3-nji böleginiň çäklerinde satyn alyndy. Ol gümrük, fitosanitar we weterinariýa edaralarynyň işini gowulandyrmaga niýetlenendir.