Sanly ykdysadyýet – Türkmenistanda döwletden goldaw alýan, telekeçiligi ösdürmegiň geljegine umyt baglanýan ugurlarynyň biridir.
Ministrler Kabinetiniň anna güni bolup geçen mejlisinde bellenişi ýaly, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça, milli programma önümlerini döretmekde we ýörite enjamlary öndürmekde ýöriteleşýän kiçi hem orta telekeçiligi goldamak boýunça çäreleri görmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda döwlet ýolbaşçysynyň garamagyna «Tehno Merkez» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan maglumatlary saklamak we kiber howplardan goramak üçin dürli serwerleri hem tehniki serişdeleri öndürmegi ýola goýmak barada teklip hödürlendi. Şunuň bilen bir hatarda geljekde serwer gurluşlaryna hyzmat etmek we tehniki taýdan goldaw, şeýle hem «akylly şäher», «akylly öý» ulgamlary üçin zerur bolan halkara ülňülerine laýyk gelýän enjamlaryň önümçiligi bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Şunuň ýaly çäräniň görülmegi goşmaça iş ýerlerini döretmäge, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
«Tehno Merkez» ÝGPJ milli önümleriň biriniň – «AV Milli One» atly kibernetik howpa garşy galkanyň işläp düzüjisi hökmünde tanalýar. Bu – kompýuterleri, smartfonlary, korporatiw serwerleri we ulgamlary goramak üçin «Tehno Gurluşyk» ÝGPJ bilen bilelikde döredilen köp ýerlikli wirusa garşy programma üpjünçiligidir.
Türkmen hünärmenleri hususy san modelini döretmek maksady bilen, öňdebaryjy tejribeleri işjeň özleşdirýärler, daşary ýurtdaky kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Mysal üçin 2023-nji ýylyň noýabrynda Moskwada «Tehno Merkez» ÝGPJ-niň ýolbaşçylarynyň Russiýada biznes bilen döwletiň sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça bile hereket edýän ýerligi bolan «Sanly ykdysadyýet» atly girdejä kowalaşmaýan Awtonom guramanyň çäginde Russiýanyň öňdebaryjy sanly kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygy bolup geçdi.
Bu çäräniň çäginde taraplar birnäçe ugur boýunça strategik hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurlaryň arasynda maglumat howpsuzlygy babatyndaky çözgütler we «akylly şäher» ulgamlary, milli maglumat merkezini döretmek, MT we maglumat howpsuzlygy boýunça işgär taýýarlamak, şeýle hem täze tehnologiýalar, şol sanda sanly ulanyjylar serwisleriniň maglumat infrastrukturasyny döretmek üçin-de sazlaýjy döretmek bar.