Türkmenistanda Köptaraply döwürleýin synyň 4-nji tapgyrynyň tekliplerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça birnäçe çäre geçirildi. 2024-nji ýylyň 22-nji iýulynda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we müdirlikleriniň işgärleriniň, BMG-niň edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Adalatçynyňedarasynyň gatnaşmagynda «KDS-iň dördünji tapgyrynyň tekliplerine syn. Ýerine ýetirilişiň iş ýüzündäki tejribesi»temasy boýunça «Tegelek stoluň» başyndaky maslahat geçirildi.
Çärede giriş sözi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko we BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça ÝKAHM-iň wekili Matilda Bogner çykyş etdiler.
Ondan soň «Tegelek stol» öz işini BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we BMG-niň ÝKAHM-iniň Sebitdäki wekilhanasynyň Merkezi Aziýa üçin adam hukuklary boýunça geňeşçisi Artur Ýatsewiçiň KDS-iň maslahatlarynyň durmuşa geçirilişiniň öňdebaryjy tejribesi, milli hukuk goraýjy edaralaryň we raýat jemgyýetiniň gatnaşmagyny, KDS-iň we NPDPÇ 2021–2025, şeýle hem KDS-iň «hiç kimi yzda galdyrmaly däl» diýen ýörelgesi nukdaýnazaryndan durmuşa geçirilmegini we BMG-niň goldawyny sazlamagy üpjün etmegi öz içine alýan möhüm mowzuklar boýunça çykyşlary bilen dowam etdirdi.
2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň adam hukuklary we Halkara ynsanperwer hukuk babatyndaky borçlarynyň ýerine ýetirilişiniň üpjün edilmegi boýunça Müdirlikler arasyndaky komissiýanyň Iş toparynyň agzalary üçin BMG-niň binasynda «Türkmenistanyň KDS-niň 4-nji tapgyrynyň maslahatlaryna syn. Ýerine ýetirilişiň iş ýüzündäki tejribesi» atly seminar geçirildi. Çärede Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň müdiriniň orunbasary B.Orazow we wideoaragatnaşyk boýunça BMG-niň AHÝKM-siniň Merkezi Aziýa üçin wekili Matilda Bogner çykyş etdi.
Mowzuky sessiýalaryň barşynda durnukly ösüş, parahatlyk we howpsuzlyk, ýurt derejesinde adam hukuklary, ähli gyzyklanýan taraplaryň KDS-iň barşyna gatnaşmagyny üpjün etmek, DÖM-iň maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça strategiýany işläp düzmekde raýat jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk, şeýle hem KDS we DÖM-iň maslahatlarynyň infografikasy, adam hukuklary boýunça Milli meýilnamalar, Ýol kartalary, esasy elementlere we öňdebaryjy tejribä syn, adam hukuklary babatyndaky görkezijiler, gözegçilik we NPDPÇ baha bermegiň gün tertibini öňe sürmek üçin KDS ulanmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowanyň we BMG-niň ADHÝK-siniň Merkezi Aziýa üçin Sebit wekilhanasynyň adam hukuklary boýunça geňeşçisi Artur Ýatsewiç bilen duşuşygy bolup geçdi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we adam hukuklaryny ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Söhbetdeşlik wagtynda aýdylyşy ýaly, BMG-niň Ýokary Komissarynyň adam hukuklary boýunça Müdiriýeti Türkmenistanyň Adalatçysynyň esasy we ileri tutýan halkara hyzmatdaşydyr. Öz gezeginde, ÝKAHM-niň wekili Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasy bilen ilatyň adam hukuklary barada habarlylygyny ýokarlandyrma, Adalatçynyň edarasynyň mümkinçiliginiberkitmäge ýardam etmek we Adalatçynyň edarasynyň BMG-niň şertnamalaýyn edaralaryna alternatiw hasabatlary bermekde işleşmek ýaly ugurlarda mundan soňky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.