Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaş okyjylary Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Ady bar-da, özi ýok» atly täze kitap bilen tanyşmaga çagyrýar.
Kitapda Magtymguly Pyragynyň goşgularynda atlary gabat gelýän käbir guşlar bilen baglanyşykly rowaýatlar jemlenipdir. Bu rowaýatlar çagalarda tebigata, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsine gyzyklanma döretmäge, olary halkymyzyň köptaraply medeni miras baýlygyna goşmaga höweslendirmäge gönükdirilipdir.
Kitap onuň gyzykly mazmunynyň üstüni ýetirýän kaşaň suratlar bilen bezelipdir.