Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ýygyndysynyň üsti täze eksponatlar bilen ýetirildi. Olary muzeýe tanymal aýdymçy Myrat Diwanaýew peşgeş berdi. 200-e golaý täze eksponat indi muzeýiň tematiki sergilerini bezär.
Myrat Diwanaýew meşhur aýdymçy, ol dünýä we durmuşa oňyn tarapdan düşünýän we örän zähmetkeş adam. Tebigat oňa köp zehin eçilipdir. Zehinli adam hemme zada ökde, sebäbi her bir meselä döredijilikli çemeleşýär, hemme zat bilen gyzyklanýar we hemme zady öz wagtynda beýan etmek isleýär.
Estrada we opera aýdymçysy ýakynda Türkmenistanyň Döwlet muzeýine gymmatly arhiw materiallaryny, suratlary, keramiki gaplary we beýleki zatlary sowgat etdi. Suratlaryň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Amangeldiýewiň çeken Myrat Diwanaýewiň portreti bar. Nakgaş suratda ýaş Diwanaýewiň içki dünýäsini açyp görkezmegi başarypdyr.
Myrat Diwanaýew çagalykdan surat çekmek bilen gyzyklanýar. Muzeýe sowgat edilen suratlaryň arasynda Myrat Diwanaýewiň dosty zehinli sazanda, ilkinji türkmen gitaraçysy Yslam Babaýewiň portreti, şeýle hem geçen asyryň 20-nji ýyllarynyň türkmen komsomolynyň ilkinji agzasy Lenin bilen tanyşmak miýesser eden Jemile Paltaýewanyň portreti bar. Şeýle hem ol manzarlary, natýurtmortlary gowy görýärdi. Peşgeş edilen suratlaryň birinde pastoz usullynda çekilen gawunly natýurtmort bar.
Myrat Diwanaýew Türkmenistanyň halk suratkeşleri, doganlar Aman we Çary Amangeldiýewlerden surat çekmegi öwrendi, gollandiýaly impressionist Winsent Wan Gogyň döredijiliginiň muşdagyna öwrüldi. Olar aýdymçynyň çeken işlerine täsirini ýetirdi. Surat çekmekden başga-da, Myrat Diwanaýew keramika bilen hem gyzyklandy we kär tilsimlerini keramika ussady Tagir Ibragimowdan öwrendi. Muzeýe sowgat edilen zatlaryň arasynda aýdymçynyň döreden keramiki küýzeleri hem bar.
Myrat Diwanaýewiň has gymmatly sowgady döredijilik durmuşyndan suratlary we teatr afişalarydyr. Aýdymçy ýurdumyzyň görnükli şahsyýetleri bilen ýakyn gatnaşykda boldy, muňa slaýdlar we özboluşly suratlar hem şaýatlyk edýär. 70-nji ýyllarda Diwanaýew fotosurat bilen gyzyklanyp we albom toplap başlady, onda ussat döredijilik işgärleriniň ýazgylarydyr awtograflary bar. Onda belli kompozitor Weli Muhatowyň, şahyr Kerim Gurbannepesowyň, Türkmenistanyň we SSSR-iň halk artistleri Maýa Kulyýewanyň we Alty Garlyýewiň ýazgylary bar.
1982-nji ýylyň dekabrynda türkmen kompozitory Nury Halmämmedow: «Hormatly Myrat Orazowiç, meniň täk islegim, sizi diri, umytsyzlyga ýol bermeýän begençli, şadyýan halda görüp durmak. Şeýle kuwwatly sungat daragtynyň dürli şahalarynda islän zadyňa elmydama ýetjekdigiňize ynam bilen» diýip, alboma hoş arzuwlaryny ýazypdyr.
Diwanaýew bu ynamy doly ödedi. Ol sungatyň ähli görnüşlerinde, grafiki eserlerde, galam eskizlerinde, beýleki eskizlerde, portret žanrynda, onlarça keramiki eserlerde, aýdym-saz işlerde, romanslarda, meşhur aýdymlarda we şahyrana goşgularda özboluşly yz goýmagy başaran bolsa gerek.
Diwanaýewiň iki otagly öýi kiçijek muzeýi ýada salýar. Suratlar, portretler, diplomlar, geçen döwrüň afişalary hem-de türkmen medeniýetiniň we sungatynyň tanymal işgärleriniň bellikleri hemme ýerde, hatda balkonda-da asylgy dur. Kitap tekjelerinde Magtymguly Pyragynyň, Puşkiniň, Omar Haýýamyň, Keminäniň, Magrupynyň, Stendalyň, Klýuçewskiniň kitaplary, Glinka, Bah, Mosart hakda sungaty öwreniş edebiýaty, ençeme sözlük bar. Myrat Diwanaýewiň bütin ömrüni bagyş eden, soňky döwür hasam gyzyklanýan zady şygryýetdir. Yhlasly, filosofiki we optimistik goşgular awtoryň şahsyýetini açyp görkezýär.