Türkmenistandaky BMGÖM-sy ýaşlary «Ýaşlar we parahatçylyk» atly diwarlyklaryň bäsleşigine çagyrýar. Bäsleşik her ýyl 12-nji awgustda bellenilýän halkara ýaşlar gününe bagyşlanýar, ol Ýaponiýanyň hökümetiniň goldamagynda guralýar.
Ol ýaşlara parahatçylykly bileleşik gurmakda ýaş nesliň goşant goşup biljekdigi baradaky pikirlerini we garaýyşlaryny beýan etmäge mümkinçilik döretmäge gönükdirilendir. Bäsleşige üç ýaş toparynda: 14–18 ýaş aralygynda, 18–24 ýaş aralygynda we 24–35 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilerler. Oňa gatnaşmak üçin diwarlyk döretmeli. Onuň ýanyna diwarlygyň mazmunyny açýan kiçeňräk tekst (50-60 sözden ybarat) taýýarlamaly.
Işler türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde bolmaly. Diwarlyklaryň doly adyny, ýaşyny we ýerleşýän ýerini görkezip youthfutureskills@gmail.com elektron poçta ibermeli. Işleriň tabşyrylmaly möhleti 2024-nji ýylyň 10-njy awgustyna çenli.