27-nji iýulda Arkadag şäherine iş sapary wagtynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, şeýle hem Garaşsyzlyk baýramyna we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň gününe taýýarlanmagyň wajyplygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, ýurduň durmuşyndaky bu möhüm wakalar milli däp-dessurlara laýyklykda ýokary derejede bellenilmelidir. Milli Liderimiziň iş mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alyp, jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalar Arkadag şäherinde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetini düşündirmek, her bir adamyň bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni taýýarlamaga işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin dürli çäreleri we duşuşyklary guraýarlar. Şunda ýaşlara aýratyn orun berilýär. Sebäbi Arkadag şäheri – ýaşlaryň we döredijiligiň şäheri. Ýaş nesliň döredijilik mümkinçilikleri we täzeçil garaýyşlary «akylly» şäheriň mundan beýläk-de ösmegi we umuman, ýurduň ösüşi üçin möhümdir.
Bu barada ýakynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalar bilen bilelikde guralan çärede gürrüň edildi. «Halk Maslahaty – halkyň baýramy» ady bilen geçirilen duşuşykda dürli guramalaryň wekilleri çykyş etdiler. Olar Halk Maslahatynyň Başlygynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek we geljekki milli çärelere taýýarlyk barada gürrüň berdiler.