Ï Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze neşirinde ösümlik dünýäsini goramagyň strategiýalary beýan edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze neşirinde ösümlik dünýäsini goramagyň strategiýalary beýan edilýär

view-icon 2858
Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze neşirinde ösümlik dünýäsini goramagyň strategiýalary beýan edilýär

Golaýda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň dördünji neşiri çap edildi, onda ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň düzümindäki wajyp üýtgeşmeler beýan edilýär.

Gymmatly ylmy işi ýazmaga tanymal alymlar, botanikler we zoologlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktory, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Pirli Kepbanow hem şolaryň biridir. Ol amala aşyrylan işler, ösümlik dünýäsini goramak we saklamak strategiýalary barada gürrüň berdi.

– Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň neşir edilmegi uly göwrümli we köp ýyllyk işdir. Hünärmenlerimiz, ýurduň ösümlik dünýäsiniň ýagdaýy barada has takyk surat almak üçin uzak möhletleýin gözegçilik we maglumatlar derňewi ýaly häzirki zaman gözleg usullaryny ulandylar –diýip, Pirli Kepbanow belledi. Gyzyl kitabyň täze neşirine ozal ýitip gitme howpy ýok hasaplanylan ösümlikleriň 20-den gowrak görnüşi bar. Şonuň bilen birlikde, gorag çäreleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde köpelmegi dikeldilen ösümlikleriň 18 görnüşi sanawdan aýryldy.

Şeýle hem Gyzyl kitabyň dördünji neşirinde täze goralýan tebigy ýerleri döretmek, görnüşleriň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek we adamlaryň arasynda düşündiriş işlerini geçirmek ýaly ösümlikleriň seýrek duşýan görnüşlerini gorap saklamak boýunça anyk teklipler bar.

Alym ösümlik dünýäsine abanýan esasy howplaryň arasynda klimatyň üýtgemegi, topragyň zaýalanmagy, oba hojalyk ýerleriniň giňelmegi we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmazlygy ýaly ýagdaýlary belledi.

Gurak zolaklar bu şertlere has ejizdir, ol ýerleriň ösümlik örtügi howanyň üýtgemegine we antropogen täsire has duýgurdyr.

 Tebigaty goramak ulgamynyň esasy elementleri aýratyn goralýan tebigy ýerlerdir. Olar özboluşly ekoulgamlaryň we genetik serişdeleriň goralmagyny üpjün edýärler – diýip, Pirli Kepbanow nygtady.

Alymyň aýtmagyna görä, maddy-tehniki binýady mundan beýlägem berkitmek, tebigaty goramak çärelerini durmuşa geçirmek, şeýle hem ilatyň ekologiýa sowatlylygyny ýokarlandyrmak we tebigaty goramak işine ýerli bileleşikleriň çekilmegi ekoulgamlary has netijeli goramaga, tebigy serişdeleriň ýagdaýyny gowulandyrmaga we aýratyn goralýan tebigy ýerleriň durnukly ösüşine ýardam eder.