Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň maslahatlar zalynda geçirilen «Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň meseleleri we dünýä tejribesi» atly ylmy-amaly maslahatynyň dowamy halk amaly-haşam sungatynyň işleriniň sergisi boldy.
Türkmenistanly ezber ussatlaryň 16-sy zergärçilik sungaty, gön işlemek, keşdeden ýasalan bezegler we esbaplar, oýnawaçlar we beýleki ugurlardan öz el işlerini görkezdiler. Tatýana Golowçenko köşejikler, perişdejikler, gurjaklar, atjagazlar, çaparmanlar ýaly milli oýunjaklary, toýlarda we öýlerde giňden ulanylýan tumarlardyr gözmonjuklary hödürledi. Onuň sowgatlyklary adamlara şatlyk getirmäge niýetlenendir. Özü-de her önümde millilik döwrüň ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar.
Tatýananyň bu güýmenjesine uzak ýyllar dokma senagatynda işlemegi sebäp bolupdyr. Onuň işlän ýerinde gowy hilli matalardan bölek-büçek gerekmejek mata galýardy, ony zyňmaga dözmän, olary bir ýerlerde ulanmagy niýet edinipdir, çeper elliniň ýanynda bu iş mesele däl ahyry.
Andreý Medwedew – käri boýunça arheolog, ýaňy-ýakyna çenli «Nusaý» taryhy-medeni goraghanada we Saragsda Mele-Heýran ybadathanasynda türkem-polýak ekspedisiýasynyň gazuw-agtaryş işlerinde işledi. Tapylan artefaktlar Orta Aziýanyň senetçileriniň döredijiligi babatda Andreýe güýçli täsir etdi. Onuň hem şu zatlary ýasasy we şeýle gowy netije gazansy geldi. Munuň üçin gönden önüm ýasamagyň köne usullaryny agtaryp kitap baryny dörmeli boldy. Şeýdibem daşyna gön çekilen suwuk zatlar saklaýan gaplar peýda bolup ugrady. Olara türkmen göllerine meňzeş nagyş salnypdyr. Gaplaryň içine we üstüne olarda agyz suw saklar ýaly ary mumy çalnypdyr. Görkezilýän eksponatlaryň arasynda serkeç, gaplaryň daşlygy bar.
Medwedewiň işleriniň arasynda ýüze çykarylan artefaktlaryň nusgalary bar. Olaryň asyl nusgalarynyň käbiri Muzeýde goýlupdyr. Daşoguzly Gaýrat Mätkerimow öz eksponatlary bilen hemmäni haýran etdi. Ol tut agajyndan ýasan kagyzyny görkezdi. Gadym zamanlarda Köneürgençde ussalaryň ýasan şeýle kagyzy müňlerçe ýyllap saklanyp gelipdir. Gaýrat eksponatlaryny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlapdyr, olarda şahyryň birnäçe suratyny we öz eli bilen ýasan kagyzynda «Türkmeniň» goşgusyny ýerleşdiripdir.
Beýleki zehinli ussalaram öz işlerini görkezdiler. Olaryň höwesi, ýatdan çykarylan usullara islegi we wagtyň geçmegi bilen ýitirilen senetleri dikeltmäge höwesi özüne maýyl edýär. Sergä gatnaşanlaryň her biri elinden dür dökülýän ussatlar. Bizem aramyzda şeýle adamlaryň barlygyna buýsanýarys.