Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY

view-icon 2563

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýet agzalary!

Ilki bilen, bildirilen myhmansöýerlik we mejlisiň ýokary derejede guralandygy üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin.

Biziň her ýyl geçirilýän duşuşyklarymyz indi däbe öwrüldi we tejribäniň görkezişi ýaly, hemişe möhüm hem derwaýysdyr. Bu mejlisleriň dowamynda netijeli, açyk, ynanyşykly dialog alnyp barylýar. Bu bolsa bize pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine has gowy düşünmäge we şonuň esasynda anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň bu formatyny döretmek başlangyjyny öňe süren Türkmenistan olaryň diňe maslahat beriş häsiýetine eýe bolmalydygyndan, syýasy gatnaşyklar üçin berk düzgünleşdiriji kadalardan, amallardan azat meýdança bolmalydygyndan ugur alýar. Şeýle çemeleşme hyzmatdaşlygymyzyň barşy barada has giňişleýin we dürs düşünje almaga, teklipleridir düzedişleri girizmäge, pikirleri beýan etmäge mümkinçilik berýär.

Konsultatiw duşuşyklaryň ilkibaşdaky mazmuny we maksady saklanyp galmaly diýip hasaplaýaryn. Biziň pikirimizçe, olaryň çäklerinde haýsydyr bir köptaraplaýyn düzümleriň döredilmegi maksadalaýyk däldir. Biz birek-birege örän oňat düşünýäris, her bir duşuşygymyz aýdyň mazmunly jemleýji resminama bilen tamamlanýar hem-de biz şonuň esasynda iş alyp barýarys. Syýasy, şeýle-de iş nukdaýnazaryndan, bu formatyň çäklerinde goşmaça düzümleri döretmegiň zerurlygy ýok diýip hasaplaýarys.

Konsultatiw duşuşyklara diňe Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagy, biziň pikirimizçe, olaryň beýleki möhüm bölegi bolup durýar. Munuň özi biziň bäştaraplaýyn syýasy dialogymyzyň, ilkinji nobatda, sebit meselelerine degişlidigi bilen şertlendirilendir. Elbetde, halkara gün tertibiniň meseleleri, olary ara alyp maslahatlaşmak we sebitara, yklym hem-de ählumumy meseleler boýunça bäş döwletiň utgaşdyrylan garaýyşlaryny işläp taýýarlamak nukdaýnazaryndan, biziň üçin hemişe möhüm bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Şeýle çemeleşme bilelikdäki işiň ýokary netijeli bolmagyny üpjün eder, diňe Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna degişli hyzmatdaşlyk meselelerine ünsümizi jemlemäge mümkinçilik berer.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Häzirki döwürde dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, parahatçylygy, ylalaşygy, durnuklylygy gorap saklamak Merkezi Aziýa döwletleri üçin esasy ileri tutulýan ugur bolmagynda galmalydyr. Biz özboluşlylygymyzy, özbaşdaklygymyzy hem-de içerki we daşarky ösüş nusgalarymyzy saýlamak hukugymyzy gorap saklamak bilen, sebitimizi gülläp ösýän, häzirki zaman ählumumy gatnaşyklaryna çuňňur goşulyşan sebite öwürmegi maksat edinýäris. Diňe şeýle şertlerde döwletlerimiziň we halklarymyzyň özlerine mynasyp geljegi üpjün etjekdiklerine berk ynanýaryn.

Sebitimiziň daşarky täsirlere, hususan-da, gapma-garşylykly ýagdaýlara düşürilmegine, Merkezi Aziýanyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bolan geosyýasy, ykdysady, medeni giňişlik hökmünde özbaşdaklygyna şübhelenmek üçin esas döretmäge ýol berilmeli däldir. Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar we olar parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlykdyr.

Serhetlerdäki durnuklylyk, asudalyk sebitde howpsuzlygy üpjün etmegiň hökmany şerti bolup durýar. Men, ilkinji nobatda, Owganystan ugry boýunça hyzmatdaşlygymyzy göz öňünde tutýaryn. Ýurtlarymyzyň her biriniň aýratyn garaýyşlaryna hormat goýmak bilen, Owganystanyň goňşulary hökmünde hereket edýän owgan hökümeti babatda umumy oňyn hem-de netijeli gatnaşyklary işläp taýýarlamak üçin açylýan mümkinçilikleri we ýurtdaky durnuklylygyň alamatlaryny ulanmalydyrys. Biziň pikirimizçe, owgan halkynyň bähbitleri, arzuw-islegleri, olaryň ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny dikeltmek boýunça döredijilikli umumymilli işe hem-de parahatçylyga ymtylmasy ileri tutulmalydyr. Bu işde Merkezi Aziýa ýurtlary esasy orny eýeleýär. Diňe biziň bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň halkara ykdysady gatnaşyklara goşulyşmagy, infrastruktura we logistika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi mümkin bolup biler. Owganystan bilen bizi taryhy, ruhy, garyndaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Täze, parahat, durnukly Owganystany döretmäge ýardam bermek üçin bu gatnaşyklary ulanmak biziň umumy borjumyz hem-de jogapkärçiligimizdir.

Merkezi Aziýa döwletleriniň syýasy-diplomatik, hukuk goraýjy we ýörite ulgamlardaky ylalaşykly hereketleri sebitde durnuklylygyň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Türkmenistan daşary syýasat edaralarynyň täze wehimlere, sebitde durnuksyzlyga garşy durmak, maglumat giňişligini goramak, radikal, ekstremistik elementleriň sebite aralaşmak synanyşyklarynyň öňüni almak we aradan aýyrmak meselelerinde utgaşdyrylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça alyp barýan işleriniň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Biziň serhet, migrasiýa, gümrük we ýörite gulluklarymyzyň ýakyndan hem-de sazlaşykly işlemekleri üçin şertleriň döredilmegini wajyp hasaplaýarys.

Elbetde, ýakyn we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Şunda ulag-kommunikasiýalar ulgamyndaky gatnaşyklara esasy orun degişlidir. Häzirki günde bu ulgam depginli ösýär, bäsdeşlik artýar, Ýewraziýada täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Meniň pikirimçe, geografik, logistik we beýleki artykmaçlyklary ulanmak arkaly sebitimiziň bu işlere öz wagtynda, netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek Merkezi Aziýa döwletleriniň iň ýakyn geljekde umumy wezipesi bolmalydyr. Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta durnukly ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlarynyň bir bölegi bolmak üçin bizde ähli mümkinçilikleriň bardygyna berk ynanýaryn.

Ulag ulgamy barada aýdylanda, Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara geçýän ugurlary aýratyn bellemek isleýärin. Gürrüň Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe we ondan aňryk Ýewropa ýurtlaryna çykýan, şeýle hem Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we ondan aňryk Ýakyn Gündogara çykýan ugurlar barada barýar. Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran — Pars aýlagy ugry boýunça ýük daşamalara aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň serişde, ykdysady, ulag kuwwatynyň birleşdirilmeginiň hem-de dünýä ummanyna çykylmagynyň giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýarys. Şunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ulgamynda Owganystan bilen hyzmatdaşlyk etmegi babatda uly mümkinçiligiň bardygyny nygtamak gerek. Häzirki wagtda döwletlerimiz Owganystan ugry boýunça ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny giňeltmek üçin köp işleri edýärler.

Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňiz geçelgesi ýene-de bir ähmiýetli utgaşdyrylan suw-guryýer ugrudyr. Tagallalarymyzy birleşdirmek bilen, bu ugurda giň möçberli ulag taslamalaryny durmuşa geçirip biljekdigimize berk ynanýaryn.

Elbetde, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag baglanyşygynyň güýçlendirilmegi ýurtlarymyzyň çäginde döwrebap logistikanyň döredilmegini, kanunlaryň sazlaşdyrylmagyny, özara gümrük, nyrh we beýleki ýeňillikleriň berilmegini göz öňünde tutýar. Bu ugurda edilmeli köp işler bar. Biz ady agzalan wezipeleri iň ýakyn geljekde iş ýüzünde amala aşyrmaga girişmegi teklip edýäris.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Häzirki zaman şertlerinde halkara energetika hyzmatdaşlygynda, ýurtlarymyzyň energiýa serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda biziň döwletlerimiziň eýeleýän orny ýokarlanýar. Bar bolan we ýakynda dörediljek täze senagat hem-de oba hojalyk kuwwatlyklaryny, infrastruktura desgalaryny, bilelikdäki önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine barha artýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak strategik maksatdyr. Şeýle ulgam ýurtlarymyzy dünýäniň energetika bazarynda bolup biljek ýaramaz ýagdaýlardan goramalydyr, olaryň ýetirjek täsirlerini peseltmelidir, tehnogen we tebigy häsiýetli garaşylmadyk ýagdaýlarda milli energiýa ulgamlarynyň zerur ätiýaçlyk goruny döretmelidir. Biz Türkmenistanyň energetika ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde işlemäge taýýardygy barada ençeme gezek aýdypdyk.

Söwdanyň giňeldilmegi, senagat taýdan goşulyşmak, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly möhüm meseleler hem ünsden düşürilmeli däldir. Şunda biziň döwletlerimiz bilelikdäki oňyn tejribä, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga, işewür düzümleriň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmäge we işjeň ulanmaga, ýurtlarymyzyň çäklerindäki taslamalara gönükdirilýän bilelikdäki maýa goýumlary höweslendirmäge, serhetýaka söwdany ösdürmäge ukyplydyrlar.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini Size habar bermek isleýärin.

Magtymguly türkmen halkynyň beýik ogludyr, emma onuň filosofik we şahyrana mirasy tutuş Gündogara, umuman, tutuş dünýä, aýratyn-da, biziň goňşularymyz bolan Merkezi Aziýa halklaryna hem degişlidir.

Köp döwletleriň Baştutanlaryny maslahata gatnaşmaga çagyrmak bilen, biz bu çärä diňe bir Magtymgula sarpa goýmak hökmünde däl-de, giň hem-de özara hormat goýmak esasyndaky örän ähmiýetli we öz wagtynda guralýan halkara dialogy, dünýäniň ykbaly, häzirki döwrüň ählumumy syýasy, durmuş-medeni, geoykdysady, ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýagdaýyna, olaryň meýillerine, geljekki mümkinçiliklerine oňyn, döredijilikli çemeleşmeleri hem-de garaýyşlary beýan etmek üçin netijeli forum hökmünde garaýarys. Häzirki wagtda şeýle dialog aýratyn islege eýedir. Biz Merkezi Aziýanyň doganlyk döwletleriniň garaýyşlarynyň şol maslahatda örän düýpli we giňişleýin beýan edilmegine, olaryň diňlenilmegine, şol garaýyşlara düşünilmegine möhüm ähmiýet berýäris.

Hormatly döwlet Baştutanlary, pursatdan peýdalanyp, Sizi öňde boljak halkara maslahata uly hormat bilen çagyrýaryn! Siziň oňa işjeň gatnaşjakdygyňyza umyt edýärin.