Ï Türkmenistanyň welaýatlarynda zähmet hukuklaryna degişli meseleler boýunça maslahatlar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň welaýatlarynda zähmet hukuklaryna degişli meseleler boýunça maslahatlar geçirildi

view-icon 2158
Türkmenistanyň welaýatlarynda zähmet hukuklaryna degişli meseleler boýunça maslahatlar geçirildi

Ahal, Mary we Daşoguz welaýatlarynda Türkmenistan hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) arasyndaky 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk ýol kartasynyň amala aşyrylmagynyň çäginde maslahatlar geçirildi.

Bu çärelere Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, «Türkmenpagta» döwlet korporasiýasynyň we olaryň sebitlerdäki edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň ýerli guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäreleriň maksady döwlet häkimiýeti edaralarynyň işgärleriniň, döwlete degişli däl guramalaryň wekilleriniň we ýerli ilatyň raýatlaryň zähmet hukuklarydyr mejbury we çaga zähmetiniň öňüni almaga degişli halkara kadalardyr düzgünler barada habarlylygyny ýokarlandyrmakdyr.

Maslahatlarda Halkara Zähmet Guramasynyň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Adalatçynyň diwanynyň wekilleriniň pagta ýygymy döwründe mejbury we çaga zähmetiniň öňüni almak hem arzalara garamak baradaky çykyşlary diňlendi. 1993-nji ýyldan bäri HZG-niň doly hukukly agzasy we bu guramanyň 10 esasy konwensiýasynyň tarapdary bolmak bilen, Türkmenistan onuň ýörelgelerini we halkara kabul edilen standartlaryny milli kanunçylyga we döwlet syýasatyna girizmäge çalyşýar.

Türkmenistan hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) arasyndaky 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk ýol kartasynyň çäginde şu ýylyň iýun aýyndan ýerli häkimiýet edaralarynyň wekillerine, jemgyýetçilik hyzmatdaşlara, halk köpçüligine niýetlenip, jemgyýetçiligiň pagta ýygymy döwründe çaga zähmetiniň ulanylmagyna ýol berilmezligi babatynda habarlylygyny artdyrmaga gönükdirilen gepleşikleriň, maslahatlaryň we tälim okuwlarynyň işjeň döwri başlandy.

Ýakynda Türkmenistanyň hökümeti we HZG-niň arasynda Ženewada gol çekilen 2023-nji ýylda pagta ýygymy döwründe zähmet şertlerini öwrenmek boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama goşundylara laýyklykda, 2024-nji ýylda pagta ýygymy döwründe zähmet şertlerini gowulandyrmak we mejbury hem çaga zähmetiniň öňüni almak boýunça taraplar bilelikdäki işi dowam etdirerler. Bu resminamanyň esasynda şu ýylyň awgust aýynyň ikinji ýarymyndan başlap, HZG-niň Türkmenistanda gözegçilik wezipesi başlanar.

Owal, iýul aýynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan on sekiz ýaşa ýetmedik şahslaryň zähmetini ulanmak gadagan edilen iş şertleri zyýanly we howply bolan işleriň, hünärleriň hem wezipeleriň sanawyna üýtgemeler girizilipdi. Hususan-da, agzalan sanawa «pagta ýygymçysy» we «pagtaçy» düşünjeleri girizildi. Welaýatlarda geçirilen maslahatlar Türkmenistanyň diňe bir zähmet babatynda däl, eýsem, esasy adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça-da öz üstüne alan halkara borçlaryna ygrarlydygynyň subutydyr.