Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti BMG-niň Türkmenistandaky ilat gaznasy bilen bilelikde «Halkara ýaşlar güni-2024»-e bagyşlanan çäre guraýarlar. Bu çäre ýaşlara dahylly meselelere bagyşlanar we pikir alyş-çalşygy hem wajyp mowzuklary ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat eder.
Duşuşygyň maksady gyzyklanýan taraplaryň ýaşlaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki orny barada habarlylygyny artdyrmak, sanly tehnologiýalaryň jemgyýetiň bähbidine ulanylmagyny höweslendirmek, şeýle hem ýaşlarda gender deňligiň möhümligi, sanly gurşawda deň mümkinçilikler barada düşünje döretmek, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höweslendirmekdir.
Guramaçylar ähli gyzyklanýan şahslary 12-nji awgustda «Arkaç» işewürlik merkeziniň mejlisler zalynda geçjek bu çärä çagyrýarlar. Halkara ýaşlar güni parahatlygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bütindünýä tagallalara ýaşlaryň edýän möhüm we düýpli goşandyny, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ornuny ykrar etmek maksady bilen, her ýylyň 12-nji awgustynda bellenýän baýramdyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1996-njy ýylda tassyklan Tekliplerine laýyklykda, şol gün jemgyýetçilige ýaşlaryň bähbidini araýan hereketler maksatnamasy barada maglumat bermek boýunça dürli çäreler geçirilýär.