Ï Daşoguzyň sahna oýunlaryny söýüjileri üçin täze sahna eserleri görkezilmäge taýýarlanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzyň sahna oýunlaryny söýüjileri üçin täze sahna eserleri görkezilmäge taýýarlanylýar

view-icon 2481
Daşoguzyň sahna oýunlaryny söýüjileri üçin täze sahna eserleri görkezilmäge taýýarlanylýar

Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary nobatdaky teatr möwsümine täze ajaýyp sahna eserlerini taýýarlaýar. Ýola goýlan asylly däbe görä, täze teatr sowgady iň ýaş tomaşaçylara niýetlenendir. Görnükli režissýor Guwanç Baýmedow şu günler dramaturg Aýmämmet Işangulyýewiň adybir eseri boýunça «Aýperi» ertekisini sahnalaşdyrmagyň üstünde işleýär.

Ertekiniň terbiýeçilik güýji barada köp aýdylandyr. Ol çagalarda ahlak esaslarynyň kemala gelmegine, kynçylyklary ýeňip geçmek we göreşmek arkaly ýaramazlyklary hemişe ýeňýän ýagşylygyň güýjüne ynanmaga kömek edýär. Jemgyýetde işjeň durmuş ýörelgelerini hem-de umumadamzat gymmatlyklaryny kemala getirmek meselelerinde teatryň uly mümkinçiligini öz işlerinde hemişe işjeň peýdalanmagy maksat edinýän režissýor Guwanç Baýmedow bu tema degişli işler, şol sanda ýurdumyzyň ýazyjylarynyň we dramaturglarynyň ýazan ertekileri bilen öz döredijilik toparynyň taýýarlan sahna eserleriniň üstüni yzygiderli ýetirýär. Ol eýýäm ýerli çagalaryň hem-de uly ýaşly adamlaryň söýgüli eserine öwrülen dramaturg Aýmämmet Işangulyýewiň eseri boýunça «Jadyly söz», ýazyjy Hemra Şirowyň döredijiligi esasynda «Azaşan owlajyk» ertekisi ýaly işleri sahnalaşdyrdy.

Hemişe bolşy ýaly, Guwanç Baýmedow hereketleriň iň başynda dessine öz tomaşaçysyny özüne çekmäge çalyşýar. Onuň beýan etmegiň nyşany hökmünde ýumagy saýlamagy tötänden däldir. Ýomak hemişe çözlenip durýar we çagalar barha köp ertekiler dünýäsine gaplanýarlar, şol ertekiler dünýäsinde adamlaryň ýanynda jadygöýler ýaşaýarlar, ýagşylyk ýamanlygyň garşysyna göreşýär, dogruçyllyk, wepalylyk hem-de zähmetsöýerlik bolsa sarpalanýar. Režissýoryň täze işi giňden belli köp sanly ertekiler bilen sazlaşýar hem-de kiçijek zähmetsöýer ýetim gyzjagaz Aýperi barada beýan edýär. Aýperi öz garryja atasynyň ynamy esasynda öz öweý enesinden we biperwaý, ýalta öweý uýalaryndan ençeme jebir-jepalara çydamaly bolýar. Onuň paýyna neneňsi synaglar düşse-de, ol hemişe päkniýetli, dogruçyl we adalatly bolmagynda galýar. Şonda gyzjagazyň durmuşyna ýagşyzadanyň üsti bilen täsinlik aralaşýar.

Wakalardan öňe geçip, bu ertekiniň soňunyň bolmalysy ýaly, bagtyýarlyga beslenmegini aýtmak isleýäris. Täze sahna oýnuna welaýatda meşhur bagşy G.Gaýypow hem-de teatryň aktýorlary A.Berdiýewa, N.Hallakowa, M.Arazdurdyýewa, O.Orazmedow gatnaşýarlar. Ajaýyp sahna bezegleri suratkeş K.Babaýew, owadan saz bezegi bolsa M.Nuryýew tarapyndan taýýarlanyldy.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň täze uçurymy Weýis Rahmanow Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda özüniň ilkinji eserini taýýarlaýar. Işine täze başlan režissýora Hemra Şirowyň eseri esasynda «Şygyr diwany» pýesasyny sahnalaşdyrmak ynanyldy.

Tomaşaçylar üçin sahna eseriniň özüne çekiji bolmagyny gazanyp, täze pýesanyň beýik Magtymguly Pyragynyň ömri we okan ýyllary barada beýan edýändigini, onuň öçmejek eserleriniň dünýäniň dürli künjeklerinde neneňsi söýgä we ykrar edilmäge mynasyp bolýandygy barada gürrüň berýändigini gysgaça aýtmak isleýäris.

Ýaş režissýora çylşyrymly we jogapkärli sahna eserini goýmakda üstünlikleri, teatryň döredijilik toparyna bolsa möwsümiň şowly we ajaýyp bolmagyny arzuw etmek isleýäris.