Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlarynyň we «Altyn asyr» teleýaýlymynyň žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Gojaman Hazar: dostluk, parahatlyk söýüjilik deňzi» mowzugynda «Tegelek stol» geçirildi.
Çärä gatnaşanlar Türkmenistanyň gadymy Hazary dostluk, ylalaşyk we parahatçylyk söýüjilik zolagyna öwürmek boýunça edýän tagallalaryny, şeýle hem Hazar sebitinde söwda-ykdysady we durmuş-medeni aragatnaşyklary ösdürmek boýunça düýpli başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ekologik abadançylygy üpjün etmek we bu jähetde halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly Hazar ýakasy döwletleriň ählisi üçin umumy wezipä aýratyn üns berildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan daşky gurşaw goragy boýunça öz borçlaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, BMG-niň daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy, Bütindünýä ekologik gaznasy we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde tebigaty goraýyş boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýär.
Her ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bellenýän Hazar deňziniň güni asylly däbe öwrüldi. Onuň çäginde özara düşünişmäge we sebitde köptaraply hyzmatdaşlygyň berkemegine ýardam edýän dürli çäreler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Hazar deňzi: durnukly ösüş üçin ýaranlyk» atly ylmy-amaly maslahata ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Hazary parahatlyk, ynanyşma we dostluk deňzine öwürmek üçin, oňyn bitaraplyk syýasatyndan ugur almak bilen, yzygiderli tagalla edýändigini nygtady. Biziň ýurdumyz Hazar ýakasy ýurtlaryň arasynda energetikada, ulag we logistikada, senagat we söwdada jebis gatnaşyklary artdyrmak işine ygrarlydyr.
Deňiz gurşawynyň goragynyň «Hazar bäşliginiň» hyzmatdaşlygynyň wajyp ugrudygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň ýolbaşçysy Hazaryň gaýtalanmajak ekologik ulgamyny we biologik dürlüligini gorap saklamak üçin bu sebitiň ýurtlaryny we gyzyklanýan halkara guramalary bilelikdäki agtaryşlary dowam etdirmäge çagyrdy. Türkmenistanyň öňe süren «Hazar ekologik başlangyçlarynyň» durmuşa geçirilmegi ekologik abadançylygy saklamak boýunça tagallalary jebislemäge we geljekde maksatly çäreleri sazlaşykly alyp barmaga mümkinçilik berer.