Halypa, mugallym, hukukçy, alym, ýuridiki ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan ýuristi, Hormatly il ýaşulusy Myrat Öwezgeldiýewiç Haitow öz zähmet ýolunyň 50 ýyllygyny belleýär.
Myrat Haitow 1974-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýuridiki fakultetini tapawutlanan diplom bilen tamamlady. Onuň guýmagursak zehinini, ylma bolan ukyp-başarnygyny göz öňüne tutup, uniwersitetiň rektoraty Myrat Haitowy «Raýat hukugy we raýat iş ýöredişi» kafedrasynda mugallym edip işe alyp galdy. Şol wagtdan başlap Myrat aga mugallym bolup zähmet çekip başlady. Ol mugallym bolup otuz ýyla golaý Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýuridiki fakultetinde ilki mugallym, 1983–1988-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky TDU-nyň hukuk fakultetiniň raýat hukugy we raýat iş ýöredişi kafedrasynyň uly mugallymy bolup işleýär. Bu döwürde onuň ylmy makalalarynyň ençemesi dürli neşirlerde çap edilýär. 1989–1992-nji ýyllarda Myrat Haitow Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň Konstitusiýa hukugy kafedrasynda doktoranturada okaýar we «Ýuridiki ylymlaryň doktory» diýen ylmy derejä eýe bolýar. Şeýle hem şol birwagtda hukukçy alym 1989–1991-nji ýyllarda Moskwada SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Türkmenistanyň adyndan saýlanan SSSR-iň halk deputatynyň kömekçisi bolup zähmet çekýär. Ol 1992-nji ýylda GDA ýurtlarynyň ynsanperwer ylymlary boýunça alymlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň hem ýeňijisi bolýar.
M.Haitow 1978–1981-nji ýyllarda uniwersitetiň hukuk fakultetiniň aspiranty bolýar hem-de 1982-nji ýylda Özbegistanyň Daşkent döwlet uniwersitetinde kandidatlyk dissertasiýasyny gorap, «Ýuridiki ylymlaryň kandidaty» diýen ylmy derejäni alýar. M.Haitow 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygy hakyndaky kabul edilen «Döwlet özygtyýarlygy hakyndaky» Jarnamanyň taslamasynyň köpçülikleýin işlenip düzülmegine, «Türkmenistan SSR-niň Konstitusiýasyna (Esasy Kanunyna) üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylmagyna, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ençeme kanunlarynyň, käbir kodeksleriniň we kanunlaryň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşdy.
1992-nji ýyldan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň dosenti, Konstitusiýa we halkara hukugy kafedrasynyň müdiri bolup zähmet çekýär. Otuz ýaşynda ýuridiki ylymlaryň kandidaty, kyrk ýaşynda ýuridiki ylymlaryň doktory diýen ylmy derejeleri alan Myrat Haitowa 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Ýokary attestasion toparynyň karary bilen «professor» diýen ylmy at berildi. Hukukçy alym Myrat Haitow zähmet ýolunda ol Bolgariýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, ABŞ ýaly döwletlerde bolup, şol ýurtlarda ylmy we mugallymçylyk tejribesini artdyrypdyr, dürli halklaryň dillerini, däp-dessurlaryny, kanunlaryny ürç edip öwrenipdir. Mysal üçin, 1984–1985-nji ýyllarda Bolgariýanyň Sofiýa uniwersitetinde konstitusiýa hukugy boýunça öwreniji-hünärmen hökmünde hünär derejesini ýokarlandyrýar. 1996-njy ýylda bolsa ol Germaniýanyň Gamburg uniwersitetiniň Gündogar Ýewropa hukugy institutynyň öwreniji-alymy hökmünde bilim derejesini kämilleşdirýär. 1998-nji ýylda ABŞ-nyň Hýuston şäherinde (Tehas ştaty) garaşsyz bilermen hökmünde kazyýet mejlisine hem gatnaşdy. Alym hem mugallym Myrat Haitow Türkmenistanyň konstitusion hukugy boýunça okuw gollanmalaryny taýýarlaýar. M.Haitowyň 1996-njy ýylda çapdan çykan «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esaslary» atly we beýleki okuw gollanmalary, beýleki ylmy işleri häzirki güne çenli hukuk ylmyny öwrenmekde mynasyp goşant bolup hyzmat edýär.
Ýuridiki ylymlaryň doktory, professor M.Haitowyň baý ylmy we iş tejribesi nazara alnyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalary ara alyp maslahatlaşmak seminarynyň agzasy bolýar. Ol Türkmenistanyň häzirki zaman konstitusion hukuk nazaryýetiniň we tejribesiniň, konstitusion kanun çykaryjylygynyň işlenip düzülmeginde, şeýle hem Garaşsyz ýurdumyzyň hukuk biliminiň ösmegine beýleki alymlar bilen birlikde işjeň gatnaşýar. Professoryň ylmy netijeleri we berýän teklipleri dürli konstitusion özgertmeleri işläp düzmekde we taýýarlamakda giňden ulanylýar.
Alym 2004-nji ýylda ABŞ-nyň Nýu Jersi ştatynyň Newark şäherinde Seton Hall katolik uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň Halkara hukugy kafedrasynda ylmy gözegçi-professor hökmünde, 2006-njy ýylda Germaniýanyň Gamburg şäherinde Maks Planka adyndaky Daşary ýurt we halkara hususy institutynda bilim derejesini kämilleşdirýär. ABŞ-da türkmen professorynyň talyplaryň öňünde «Türkmenistanyň Konstitusiýa hukugy» boýunça iňlis dilinde sapak bermegi oňa at-abraý getirdi.
Türkmenlerde «Miweli agajyň başy aşak» diýlen bir ajaýyp nakyl bar. Ykbalyny ylma we hukuk işine bagyşlan M.Haitowyň ömür-ykbaly hem şol nakyl mysaly, ýüki ýetik. Ol 170-a golaý ylmy işleriň, monografiýalaryň, kitapçalaryň, okuw gollanmalaryň, ylmy makalalaryň hem awtorydyr. Onuň işleri diňe Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da dürli dillerde çap edildi. Şeýle hem ol «Rusça-türkmençe düşündirişli hukuk sözlüginiň» awtorlarynyň hem biridir. Mundan başga-da, ol 2007–2010-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň Halk maslahatynyň agzasy bolup saýlandy. Köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmeti üçin Myrat Haitowa 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan ýuristi» diýen hormatly at dakyldy. 2020-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp boldy. Şeýle hem ol «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy» atly ýubileý medallary bilen sylaglandy.
Ol häzir Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň müdiri wezipesinde zähmet çekýär. Myrat Haitow öz işinden daşary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda diňleýjilere «Halkara hukugy» okuw derslerinden sapak berýär. Şeýle hem ol milli parlamentimiziň kanun çykaryjylyk işlerine hukukçy-bilermen hökmünde ýardam berýär.