BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar gaznasynyň wekilhanasy milli hyzmatdaşlar bilen 2026 – 2030-njy ýyllar üçin ýurt boýunça bilelikdäki täze meýilnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin iş maslahatyny geçirdi.
Bu maksatnama ähli ugurlar boýunça, şol sanda saglyk we iýmitlenmek, çaganyň irki ösüşi, bilimi, sosial goragy we maýyp çagalaryň jemgyýete goşulmagy boýunça çagalaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. ÝUNISEF-iň ýurt boýunça maksatnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş pudagynda Hyzmatdaşlyk Çarçuwasynyň ileri tutulýan strategik ugurlaryna jogap berer.
ÝUNISEF-iň işi, öňki maksatnamalaryň netijelerine esaslanyp, Türkmenistan hökümeti bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilen gerimini görkezýär.