Ï “Miras” žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna ylmy garaýyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Miras” žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna ylmy garaýyşlary

view-icon 3172

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýyl şanly wakalara beslenip, şöhratly ata-babalarymyzyň we beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň taryhy-medeni mirasyna täzeçe nazar aýlamaga mümkinçilik döredýär. Medeni-ruhy gymmatlyklaryň özboluşlylygy, köpdürlüligi halklary jebisleşdirýän esasy baýlyk bolup durýar.

Neşiriň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglyk güni, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy, Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, şeýle-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

Däp bolan “Täze ylmy açyşlar” atly bölümde ýerleşdirilen makalada şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň durmuş ýoly barada gürrüň berilýär. Makalada beýik söz ussadynyň döredijiliginden, onuň terjimehalyny öwrenen alymlaryň ylmy-barlag işlerinden köp sanly maglumatlar getirilýär. Awtor Magtymgulynyň maşgala durmuşy baradaky maglumatlaryň şahyryň nebereleriniň dilinden dürli ýyllarda ýazylyp alnan ýazuw çeşmelerine, halk rowaýatlaryna esaslanýandygyny belleýär. “Magtymgulynyň we Nesiminiň çeper pikirlenmelerindäki umumylyklar we aýratynlyklar” atly makalada türki dilli edebiýatyň pikir-estetiki çeşmä öwrülmegine Nesiminiň öz döredijiligi bilen saldamly goşant goşandygy nygtalýar. Şahyryň eserleri XVII-XVIII asyrlarda türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr. Makalanyň awtorynyň belleýşi ýaly, Magtymguly Nesiminiň işleri bilen içgin tanşyp, onuň şahsyýetine we döredijiligine uly sarpa goýupdyr. Şahyryň “Içmeýin jamym” goşgusyndaky ajaýyp setirler hem munuň aýdyň mysalydyr. Nesimi ýaly, Magtymguly hem älemiň döredilmeginiň esasynda ruhy başlangyç durýar diýen pikiri ösdüripdir. Şu nukdaýnazardan, beýik akyldarlaryň döredijiliginde bilime, ahlak arassalygyna, adamkärçilige çagyryş öz beýanyny tapýar.

Žurnalyň “Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölüminde Oksford uniwersitetiniň professorynyň “Magtymgulynyň liriki goşgulary” atly makalasy okyjylara hödürlenipdir. Awtor şahyryň dürli žanrlardan, edebiýat görnüşlerinden alnan birnäçe täsirleri başarjaňlyk bilen birleşdirýändigini nygtaýar. Alymyň pikiriçe, Pyragynyň goşgulary nusgawy türki poeziýasyndan tapawutlanyp, türkmen edebiýatyna aýdyň gapylary açýar. Çingiz Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktory, akademik, filologiýa ylymlarynyň doktory A.Akmataliýewiň bu bölümde ýerleşdirilen “Magtymguly we gyrgyz şygryýeti” atly makalasy hem okyjylarda uly gyzyklanma döretse gerek. Makalada Magtymgulynyň eserlerinde öňe sürülýän pikirleriň gyrgyz şahyrlarynyň şygyrlarynda-da öz mynasyp beýanyny tapýandygyna aýratyn üns çekilýär. Muňa mysallary getirmek bilen, awtor dünýägaraýyşlary, şygryýet dili, çeper tärleri boýunça gyrgyz ozançy şahyrlary bilen dana Pyragynyň arasynda käbir meňzeşlikleriň bardygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, öz döwründe Çingiz Aýtmatow: “Magtymgulynyň bize miras goýan eserleri özüniň halk durmuşyna çuňňur düşünýändigi bilen gymmatlydyr” diýip nygtapdyr.

Žurnalyň sahypalarynda Jawzjan uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymynyň “Owganystanda Magtymguly Pyragynyň öwrenilişi” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Onda Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijiligine, owgan türkmenleriniň diline, edebiýatyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna bagyşlanan ylmy gözlegler baradaky maglumatlar beýan edilýär. Awtor 2018-nji ýylda Owganystanyň Ylymlar akademiýasynyň döredilmeginiň çäklerinde “Türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi we medeni hyzmatlaryny ýatlama” atly okuw maslahatynyň geçirilendigini belleýär. Onda beýik şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy gözlegler tanyşdyryldy. Makalada Magtymgulynyň şygyrlarynyň owgan türkmenleriniň durmuşyna, döredijiligine ýetiren uly täsiri barada gürrüň berilýär. Olar akyldar şahyra halypa hökmünde hormat goýup, onuň şygyr tärlerine, pikir we edebi ýoluna eýerýärler.

Däp bolşy ýaly, neşiriň nobatdaky sany jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşyň wakalaryna syn bilen tamamlanýar. Onda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň aprel — iýun aýlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň durmuşynda bolan wakalara syn berilýär. Bu bölümde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän parahatçylyk döredijilikli syýasatyň üstünlikleri, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler aýdyň beýanyny tapýar.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde, ýokary çaphana usulynda neşir edilen “Miras” žurnalynyň nobatdaky sany köpöwüşginli fotosuratlar bilen bezelipdir.