Ï «Türkmendeňizderýaýollary» gullugynyň hünärmenleri iş endiklerini kämilleşdirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmendeňizderýaýollary» gullugynyň hünärmenleri iş endiklerini kämilleşdirýärler

view-icon 2336
«Türkmendeňizderýaýollary» gullugynyň hünärmenleri iş endiklerini kämilleşdirýärler

12-nji awgustdan başlap, «Türkmendeňizderýaýollary» gullugynyň işgärleri üçin deňiz işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça bäş günlük okuw geçirilýär.

Bu okuw türkmen deňizçileriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we sebitde deňiz gämi gatnawynyň howpsuzlygyny artdyrmaga gönükdirilendir. Okuwa gatnaşýanlar amaly sapaklarda dürli ýagdaýlarda howpsuzlyk çäreleriniň ulanylyşy, halas ediş enjamlaryny ulanmak we ejir çekene ilkinji kömegi bermek baradaky bilimlerini berkidýärler.

Bilimleriň we endikleriň üstüni ýetirip durmak hünärmenlere öz borçlaryny has netijeli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer we Türkmenistanda deňiz pudagynyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşar.

Bu çäre USAID-iň Merkezi Aziýadaky Söwda Maksatnamasy tarapyndan guraldy we Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Deňizçileri taýýarlap, diplom bermek, şeýle hem wahtada durmak barada konwensiýasyna laýyklykda geçirilýär. Konwensiýanyň esasy wezipeleri gämi gatnawynyň howpsuzlygyny artdyrmak, deňiz gurşawyny goramak we deňizçileriň aman-esenligini üpjün etmekdir.

Türkmenistan STCW Halkara konwensiýasyna (Taýýarlyk, şahadatnama we wahtada durmak barada Halkara Konwensiýasy) 2009-njy ýylyň maý aýyndan bäri gatnaşýar. Bu möhüm waka biziň ýurdumyzyň deňiz howpsuzlygynyň ýokary ülňülerini golda saklamaga we dünýä deňiz jemgyýetine işjeň gatnaşmaga ymtylýandygyny görkezýär.