Ï ÝUNESKO bölümleriniň hünärmenleri ýaşlaryň ekologik medeniýeti meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝUNESKO bölümleriniň hünärmenleri ýaşlaryň ekologik medeniýeti meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar

view-icon 2175
ÝUNESKO bölümleriniň hünärmenleri ýaşlaryň ekologik medeniýeti meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän, ýurdumyzda ilkinji açylan «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO Klubunyň bilelikde guramagynda «Hazar deňziniň mümkinçiliklerini wagyz etmek arkaly ýaşlaryň ekologik sowatlylygyny artdyrmak» mowzugynda 2024-2025-nji okuw ýylynda ÝUNESKO Kafedralary we Klublary bilen bilelikde alnyp baryljak işleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen onlaýn duşuşyk geçirildi.

Bu çärä ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň referentleri, ÝUNESKO-nyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz», Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti», Türkmen oba hojalyk institutynyň «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm ýörelgesidir», Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO Klublarynyň ýolbaşçylary hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO bölümleriniň müdirleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşanlar täze okuw ýylynda ÝUNESKO klublarynyň we bölümleriniň ýaşlaryň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistanyň Hazar ekologik ulgamyny goramakdaky hyzmatdaşlyk meselelerine konstruktiw başlangyçlary we çemeleşmeleri düşündirmegiň, onuň kanuny esaslaryny döredýän köptaraply resminamalaryň möhümdigini nygtadylar. Olar Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa, Hazar deňziniň kanuny ýagdaýy baradaky konwensiýa, şeýle hem Türkmen Hazar deňzi instituty bilen Halkara umman institutynyň arasyndaky özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama ýaly esasy resminamalaryň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Bu mowzuklar talyp ýaşlar arasynda yzygiderli geçirilmegi meýilleşdirilýän sapaklarda, bäsleşiklerde we beýleki çärelerde giňişleýin açylyp görkeziler. Türkmenistanyň Hazar deňziniň durnukly ösüşine we daşky gurşawyň abadançylygynyň üpjünçiligine, ýurt wekilleriniň ÝUNESKO-nyň işlerine we daşky gurşaw sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrundaky taslamalaryna işjeň gatnaşmagyna aýratyn üns berler.