Bütindünýä ýaşlar güni mynasybetli Ýaponiýa hökümetiniň goldawy bilen başy başlanan bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy. Bäsleşige jemi 30-a golaý iş gatnaşdy, olar ýerine ýetirijiligi we ukyplylygy bilen tapawutlandyryldy.
14 ýaşdan 18 ýaşa çenli derejede Türkmenbaşyly Arslan Işmetow ýeňiş gazandy, ikinji orny Laçyn Ataýewa (Aşgabat ş.), üçünji orny Medine Myratberdiýewa (Aşgabat ş.) gazandy.
18–24 ýaş aralygynda orunlar: birinji orny Selbi Aşyrberdiýewa (Aşgabat ş.), ikinji orny Aýsapar Gurbanowa (Ahal welaýaty), üçünji orny Yslam Saryjaýew (Aşgabat ş.) gazandy.
24 ýaşdan 35 ýaşa çenli derejede birinji orna Bagdagul Temimowa (Aşgabat ş.), ikinji orna Umar Orazbaýew (Daşoguz ş.), üçünji orna Wýaçeslaw Saharow (Aşgabat ş.) mynasyp boldy.
Işler tema görä bahalandyryldy. Olarda döredijilik we özboluşlylyk, kompozisiýalar we dizaýn, şeýle hem tehniki ýerine ýetirilişi göz öňünde tutuldy. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 23-nji awgustda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda geçiriler.