Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde muzeý işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň sergisi açyldy. Sergi Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanýar.
Gurban Baýramow, Orazmyrat Iljanow, Gunça Ýazmuhammedowa, Aşyrbibi Amangeldiýewa, Çemen Annamyradowa we muzeýiň çeper dikeldiş bölüminiň beýleki hünärmenleri sergide suratkeş hökmünde çykyş etdiler. Esasanam, «Asman gülleri», «Milli natýurmort», «Bagtly eýýamyň nesli», «Altyn güýz», «Peýzaž», «Asudalyk», «Monjuk gözler», «Kejebe», «Sazlaşyk», «Gülleýän Aşgabat» suratlary tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy. Sergä gelenler bu suratlaryň ýanynda uzak durup, özara pikir alyşdylar we has gowy ýatda saklamak üçin birnäçe gezek gaýdyp geldiler.
|
Gündogarda hatdatlyk sungatyna hemişe-de ýokary baha berlipdir. Magtymguly Pyragynyň Allanazar Sopyýew we Gülbahar Gowşakowa tarapyndan taýýarlanan köne hatda ýazylan golýazmalaryndaky goşgular ajaýyp çeperçilik täsiri bilen tapawutlanýar. Bu sergi tomaşaçylaryň hiç birini biperwaý galdyrmady.
Sergi penjirelerinde biri-biri bilen ajaýyp utgaşyp, sergä özboluşlylyk berýän häzirki zaman we milli görnüşde dürli materiallardan ýasalan kiçi heýkelleri görmek bolýar. Bular – Allanazar Sopyýewiň we Şageldi Aşyrowyň eserleri.
Kümüş şaý-sepler – tumar, gulakhalkalar, monjuklar we beýleki milli şaý-sepler aýratyn görkezilipdir. Atajan Annanurow olary ýasanda, häzirki zaman stilini nusgawy milli nagyşlar bilen utgaşdyryp ulanypdyr.
Sergide türkmen keşdesine aýratyn orun berlipdir. Önümleriň arasynda tahýalar, gyňaçlar, kürteler, düýe halygy, nagyşly torbalar we düşek ýüzleri bar. Nursoltan Aşyrowa we Ogulşirin Jepbarowa keşde sungatynda tapawutlanypdyrlar.
Şirin Baýramowa mebeliň ýüzüne çekilen milli nagyşlar ýaly adaty bolmadyk eksponat hödürläpdir. Işgärler gadymy gymmatlyklary dikeltmek we durkuny täzelemek, şeýle hem olary dürli materiallardan täzeden taýýarlamak ugrunda uly iş edýärler. Sergide Şageldi Aşyrowyň ýasan eýer, üzeňňi, gamçy we at esbaplarynyň nusgalary we Roman Sytdykowyň ýasan Parfiýanyň binagärlik parçalary bar.
Muzeý hünärmenleri, esasanam, çeper dikeldiş bölümi, öz işlerinde – geçmiş bilen şu günüň çatrygynda. Muzeý işgärleriniň eli bilen döredilen gymmatlyklaryň sergisi, halkyň milli medeniýetine bolan höwesini we ata-babalarymyzyň durmuşyna degişli bolan zatlary ýasamak ukybyna şaýatlyk edýär.