Şu günler tutuş ýurdumyz boýunça, şol sanda Arkadag şäherinde-de Halk Maslahatynyň ýakyn wagtda boljak nobatdaky mejlisine bagyşlanan ýygnaklar geçirilýär. Ýaňy-ýakynda «Arkadag» teleýaýlymy bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka barada Döwletmämmet Azady adyndaky şäher kitaphanasynda «Halk Maslahaty – jebisligiň we agzybirligiň nyşany» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Duşuşyga gatnaşanlar halk wekilçiliginiň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň ýurdumyz üçin möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we uzak möhletleýin maksatlary kesgitlemek üçin adatça öz mejlislerini Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirýändigini bellediler.
Milli forumda ilatyň dürli gatlaklarynyň giňden wekilçilik etmegi, erkin pikir alyşmak we jemgyýetçilik pikirine esaslanýan degişli kararlaryň kabul edilmegi Halk Maslahatynyň işiniň esaslanýan demokratik ýörelgelere, ata-babalaryň köpçülikleýin pikir alyşmak we döwlet hem jemgyýet üçin möhüm kararlar kabul etmek baradaky paýhasly däplerine wepalylygyny tassyklaýar.
Arkadag şäherindäki Gaýragoýulmasyz kömek merkezinde geçirilen «Täze belentlikleriň ýoly» atly çäre-de Halk Maslahatynyň mejlisiniň taýýarlygyna bagyşlandy. Ony häkimlik, Demokratik partiýanyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli bölümleri gurady. Duşuşyga şäher saglygy goraýyş müdirliginiň işgärleri gatnaşdy. Çykyş edenler ýetip gelýän çäräniň we oňa taýýarlyga we durmuşa geçirilmegine ähli ýaşaýjylaryň, esasanam, ýaşlaryň gatnaşýandygynyň möhümdigini aýtdylar. Halk Maslahatynyň işiniň özünde jemleýän halkyň demokratik däplerini dowam etdirmek we sentýabr aýynda geçjek nobatdaky mejlisinde kabul ediljek möhüm meseleleriň hem kararlaryň ýerine ýetirilmegine saldamly goşant goşmak işi hut ýaşlara degişlidir!