Ï Daşkent şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşkent şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy

view-icon 3595
Daşkent şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy

2024-nji ýylyň 16-njy awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň binasynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Ilçi Ş.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň başlygy A.Nuridinow, medeniýet we sungat işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sergide türkmen suratkeşleriniň Magtymguly Pyragynyň durmuşyndan wakalaryny we türkmen medeni mirasynyň nyşanlaryny görkezýän 30-dan gowrak eserleri görkezildi. Çäräniň dowamynda serginiň beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň poeziýasyny ýaýbaňlandyrmakdaky wajyp orny bellenildi.

Sergi 2024-nji ýylyň 22-nji awgustyna çenli dowam eder.