Ï Awazada şowhun-şatlykly dynç alyş dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada şowhun-şatlykly dynç alyş dowam edýär

view-icon 2864
Awazada şowhun-şatlykly dynç alyş dowam edýär

Şu günlerde gojaman Hazar deňziniň türkmen kenaryny bezäp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşyň gyzykly möwsümi dowam edýär. Bu ýerde köp sanly dürli derejeli myhmanhanalar, çagalara we ululara niýetlenen dynç alyş-sagaldyş binalary, medeni-durmuş ähmiýetli ymaratlar, kottej toplumlary, ýaht klublary, «Awaza» şypahanasy wagtlaryny hoş geçirmäge, saglygyny dikeltmäge, berkitmäge gelýän bagtyýar raýatlara nusgalyk hyzmatlary göreldeli ýola goýýarlar.

Häzirki wagtda dünýä jahankeşdeliginiň merjenine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinden gelen dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlar maşgalalary bilen döwrebap dynç alýarlar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde geçirilýän maksatnamalaýyn medeni-köpçülik çäreleri öz oňyn netijelerini berýär.

Baý mazmuna, egsilmez buýsanja beslenýän dabaralarda Balkan welaýatynyň hem-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary dynç alýanlara bimöçber ruhy lezzet paýlaýar. Tutuş «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýan raýatlar üçin taýýarlanýan maksatnamalaýyn çärelerde ýaňlanýan hoş owazlar gojaman Hazaryň kenarlaryny gurşap, alyslara ýaň salýar. Olarda hormatly Prezidentimiziň bütin älem içre meşhur bolan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň, ruhubelent durmuşymyzyň, owazasy dünýä dolan gözel Awazanyň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň waspy ýetirilýär. Tans, folklor toparlarynyň şowhunly çykyşlary-da olara gatnaşyjylaryň buýsançly göwünlerini galkyndyrýar.

Meşhur zolagyň çar künjegindäki döwrebap amatlyklar, ertekiler dünýäsini ýada salýan ajaýyplyklar, owazlanyp asmana göterilýän suw çüwdürimleri, gök zolaklardyr tokaýlyklar, bagy-bossanlyklar, täsin seýilgäh toplumlary kenarýaka sebitiň amatly ekologik gurşawyny, tebigy sazlaşygy döredýär. Ýeri gelende aýtsak behişdi mekanyň ýod-broma, beýleki birnäçe dermanlyk serişdelere baý tebigaty dynç alýan raýatlara ýatdan çykmajak özboluşly, täsin pursatlary peşgeş berýär. Şonuň ýaly-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» oýun-attraksionly seýilgählerine, «Awaza» akwaparkyna, «Gämi» muzeýine, Awazanyň gözel ýerlerine guralýan gezelençler ýatda galyjylygy, täsirliligi bilen tapawutlanýar.

Tomus möwsüminiň üçünji aýynyň häzirki howurly günlerinde hem welosipedli gezelenje çykyp, Awazanyň gözel ýerlerine seýran edýänler ýetik. Munuň özi, sportuň bu görnüşiniň ýurdumyzda meşhurlyk gazanandygyna, günbe-günden giň gerimde işjeň häsiýete eýe bolýandygyna güwä geçýär. Çünki, welosipedli gezelençler, ýörişler Berkarar döwletimiziň jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta ornaşdyrmak hakyndaky aladalarynyň barha rowaçlyk tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hazaryň giňişliklerinde, «Awaza» derýasynda dürli gämileriň, gaýyklaryň, katamaranlaryň hereketi aýdym-sazyň mahmal owazy bilen goşulyşyp, gözýetmez giňişlige buýsançly ýaň salýar. Şunuň ýaly gämili gezelençleriň dowamynda olar Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky ajaýyplyklara, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky gözelden-gözel köşki-eýwanlara, beýik binalara, Türkmenbaşy aýlagynyň kenaryndaky Guba dagyň gerişlerine, deňizýaka şäheriň gözelliklerine höwes bilen syn edip, uly ruhy lezzet alýarlar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky Baş müdirliginiň hünärmenleriniň gürrüň bermeklerine görä, ýylyň ähli paslynda bolşy ýaly, bu ajaýyp ýer öňümizdäki güýz möwsümi hem gyzykly pursatlara beslener. Çünki, ajaýyp zolakdaky naýbaşy derejedäki şertler ählitaraplaýyn nusgalyk dynç alşy şertlendirip, gowy arzuwlara, ýokary isleglere laýyk gelýär. Hut şoňa görä-de, bagtyýar raýatlar Awazada döredilen ýakymly mümkinçilikler, taýsyz peşgeşler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini beýan edýärler.