Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde ýörite goralýan tebigy ýerler üçin dolandyryş meýilnamasyny döretmek boýunça okuw maslahaty geçirildi.
Bu okuw sapagy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Aral deňziniň basseýninde ýokary tebigy gymmaty bolan ýer baýlyklaryny we ekoulgamlary gorap saklamak hem-de durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäginde geçirildi.
Okuw sapagyna Amyderýa döwlet goraghanasynyň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Lebap welaýatyndaky bölümi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty gatnaşdy. Gatnaşanlar Amyderýa döwlet goraghanasy we Kelif döwlet goraghanasy üçin esasy dolandyryş gurallaryny işläp düzmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Aýratyn goralýan tebigy ýerler tebigy toplumlary, ösümlik we haýwanat dünýäsini we tebigy ekologik ulgamlary, suwlary hem-de olaryň üstündäki howa giňişligini özünde jemleýär.