Ï «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça tapgyry geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça tapgyry geçirildi

view-icon 2610
«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça tapgyry geçirildi
camera-icon
Andreý Pakulow

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralýan dürli medeni çäreler Balkan welaýatynda hem ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar.

Şunuň ýaly gyzykly döredijilik bäsleşikleriniň biri-de welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda geçirildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň we halk gurjak teatrlarynyň arasynda guralýan bäsleşige Günbatar sebitiň etraplardyr şäherlerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan döredijilik toparlary gatnaşdylar. «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» diýen at bilen geçen döredijilik bäsleşiginde welaýatyň teatr toparlary sahna eserlerini ýerine ýetirmekde özara bäsleşdiler. Onuň dowamynda balkanly artistler birnäçe ugurlar boýunça özleriniň zehinlerini, ussatlyklaryny görkezdiler. Şeýle-de dürli döredijilik toparlarynyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijilik dünýäsini, egsilmez milli gymmatlyga öwrülen genji-hazynasyny, baý mazmunly şygyrlaryny täsirli, tolgundyryjy öwüşginlerde ýaýan sahna eserleri şowly boldy.

Ajaýyp sahna eserleri ýokary çeperçiligi, mazmun taýdan kämilligi, bimöçber taryhy ähmiýeti bilen aýratyn tapawutlandylar Munuň özi welaýatyň etraplardyr şäherlerinde teatrlaryň işleriniň has-da kämilleşýändigine hem-de täze zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylyp, halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha ösdürilýändigine güwä geçýär.

Teatr toparlarynyň arasynda geçen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenende, welaýatyň Magtymguly etrabynyň halk teatry birinji orny eýeledi hem-de döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle-de welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň we Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet bölümleriniň halk teatrlary degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular.