Ýurdumyzyň paýtagtynda öz işini tamamlaýan «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy bu ýere gelen her adamda uly täsir galdyrýar.
Bu giň gerimli çärä gelenleriň we ondan bähbit görenleriň aglabasy çagalaryň özleri, ýagny garyndaşlarynyň goldaýan şowhuny astynda ýaryşmakda bäsleşen çagalardan başlap, sungat zolagynda dürli döredijilik bilen höwesli meşgullanýan, bilim merkezleriniň hyzmatlary, häzirki zaman tehnologiýalary we sport bilen gyzyklanýan çagalar boldy.
Sergide agaçdan, metaldan, dokma önümlerinden, palçykdan we beýlekilerden el önümlerini döredýän senetkärler-de çagalar üçin ýasan zatlaryny görkezdiler. Olar milli uslypdaky adaty ýadygärlik sowgatlaryndan başga-da, çagalar üçin meşhur eserleriň we multiplikasion filmleriň gahrymanlary bilen baglanyşykly önümleri, gurjaklary, şaý-sepleri we esbaplary, şeýle hem çagalary senetçilik sungaty bilen tanyşdyrmak üçin döredilen toplumlary hödürlediler.
Sergä gatnaşanlardan Tatýana atly biriniň gürrüň berşi ýaly, onuň zähmet esbaplary çagalaryň hyýalyna we döredijiligine itergi berýär, ukyplaryny ösdürýär we häzirki zaman enjamlaryna «ýapyşyp ýatma keseline» garşy peýdaly bolup durýar. Teklip edilýän toplumy ulanmak bilen, çaga özbaşdak ýa-da ene-atasynyň kömegi arkaly ejesi ýa-da enesi üçin öz eli bilen sowgat ýasap biler, bu bolsa, öz gezeginde, maşgala gatnaşyklaryny berkidip, gymmatlyklaryny artdyrar.
Döredijilik sungat işgärleriniň «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly sergi üçin işlerinde nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýylyň mowzugy hem öz beýanyny tapdy. Beýik akyldar şahyryň keşbini we goşgularyny şekillendirýän özboluşly aýna eserleri bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.