Ï Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalynda hasaba alynmak üçin 5 sebäp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalynda hasaba alynmak üçin 5 sebäp

view-icon 2532
Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalynda hasaba alynmak üçin 5 sebäp

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly internet mümkinçilikleriň giňeldilmeginiň hasabyna jemgyýetiň sanlylaşdyrylmagyna işjeň ýardam edýär. Portalda hasaba alynmak ulanyjylara diňe bir hyzmatlara elýeterlilik bermän, eýsem-de, döwlet edaralary bilen gatnaşyklary kämilleşdirýär.

Hasaba alynmagyň esasy sebäpleri:

Oňaýly elýeterlilik: Döwlet web-saýtlary hem-de ykjam goşundylar arkaly dürli döwlet hyzmatlaryna ýeňil elýeterlilik.

Wagtyň tygşytlanmagy: Döwlet edaralaryna ençeme gezek barmazlyk.

Resminamalaryň sanawy: Dürli edaralara tabşyrmak üçin zerur bolan resminamalar baradaky maglumata tiz elýeterlilik.

Talyplar üçin onlaýn töleg: Şahsy otag arkaly okuw töleglerini geçirmegiň amatlylygy. «Onlaýn hyzmatlar» / «Bilim ulgamy» / «Talyp tölegi» bölüminde «Altyn Asyr» plastik bank kartlarynyň kömegi bilen töleg geçirip bolýar.

Onlaýn-hyzmatlaryň köpdürliligi: Telefon, jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölegleri, ulaglara petekleri satyn almagy we beýlekiler bilen birlikde, hyzmatlaryň giň toplumyna elýeterlilik. Ministrlikleri, ulag agentliklerini, medeniýet edaralaryny hem-de banklaryň şahamçalaryny goşmak bilen birlikde, edaralaryň işi baradaky gerekli maglumatlar bolan resmi saýtlaryň jemi.

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalynda hasaba alynmak bary-ýogy birnäçe ädimde geçirilýär we ýaşaýyş durmuşy ep-esli ýeňilleşdirýär.

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalynda şahsy otagy açmak üçin «Hasaba almak» bölüminde öz adyňy, familiýaňy, telefon belgiňi we açar sözüňizi görkezmek gerek. Hasaba alyş düwmesine basanyňyzdan soňra tassyklama kody siziň telefon belgiňize ugradylar, tassyklama kody girizmelidir, soňra bolsa portala girmek üçin täze açar söz oýlap tapmalydyr.