Ï Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

view-icon 2851
Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Fathudin Ali Mohamedden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady.

Jenap Fathudin Ali Mohamed hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Somaliniň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçä Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleriniň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek şol syýasatda aýratyn orny eýeleýär. Şeýle-de diplomat Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi, işi bilen tanyşdyryldy.

Jenap Fathudin Ali Mohamed mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Somaliniň doly ygtyýarly wekili bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Somali Federatiw Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Fathudin Ali Mohamedi Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri we iş tejribesi özüne ynanylan jogapkärli wezipäni doly ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan Size aýtjak sözlerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormatymy, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Siziň gadyrly dostuňyz,

Hasan Şeýh Mohamud,
Somali Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.