Ï Aşgabatda döwrebap lybaslaryň türkmen-eýran sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda döwrebap lybaslaryň türkmen-eýran sergisi açyldy

view-icon 3940
Aşgabatda döwrebap lybaslaryň türkmen-eýran sergisi açyldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde guramagynda modaly lybaslaryň sergisi açyldy.

Şeýle çäre ýurdumyzda ilkinji gezek geçirildi, belki, şonuň üçindir, ol uly gyzyklanma döretdi. Türkmen-eýran modaly lybaslar sergisine Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, KHBS-niň wekilleri, suratkeşler, dizaýnerler, çeperçilik akademiýasynyň talyplary we mugallymlary, şeýle hem paýtagtymyzyň moda senagatynyň täze ugurlary bilen gyzyklanýan ýaşaýjylary geldiler.

Sergidäki dokma we deri önümlerini synlamaga gelenler üçin dutarçylar ansambly we kirişli saz gurallary kwarteti halk sazlaryny ýerine ýetirdiler.

Eýranly myhmanlar aşgabatlylary zenan lybaslaryny, ýüpek ýaglyklaryny, deri ýantorbalaryny, aýakgaplaryny we bižuteriýasyny öndürmäge ýöriteleşen «Feramsa Design», «Noran», «Shoonz» we beýleki iň gowy önümler bilen tanyşdyrdylar.

Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýüniň dizaýnerleri sergide naýbaşy modaly lybaslary görkezdiler. Hanmahmaldan, ýüpekden, keteniden, nepis keşdeli we aýna monjuklar bilen bezelen ajap lybaslar sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.

Mundan başga-da, tikinçilik kärhanalarynyň birnäçesi trikotaž futbolkalardan başlap, jinsi eşiklerine çenli modaly çagalar eşikleriniň giň görnüşini hödürlediler. Olar modaçyl çagalary biparh goýmaýar.

Türkmen-eýran meşhur haryt nyşanly önümleriniň sergisi Modalar öýünde görkezilýär.

Bu özüne çekiji çäre goňşy ýurtlaryň medeniýeti barada düşünjäni giňeldýär, ol halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.