26-njy awgustda Samarkantda «Şark taronalari» («Gündogaryň mukamlary») atly XIII Halkara festiwaly dabaraly açyldy. OL Merkezi Aziýanyň iri festiwallarynyň biri bolup, ÝUNESKO-nyň howandarlygynda geçýär hem-de öz meýdançasynda dünýäniň 70-den gowrak ýurtlaryndan ussatlary bir ýere jemledi.
Açylyş dabarasyna ÝUNESKO-dan, TÜRKSOÝ-dan, Türki medeniýeti we mirasy gaznasyndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan hem-de beýleki guramalardan hormatly myhmanlar gatnaşdylar.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew myhmanlary mübärekläp, «Şark taronalari» festiwalynyň dünýä mukamlarynyň hakyky nyşanyna öwrülendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Festiwalyň dostlarynyň halkara klubuny döretmek başlangyjy beýan edildi.
Festiwalda biziň ýurdumyza M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Saparmyrat Amanmyradow (gyjak), Türkmenistanyň at gazanan artisti, halk saz gurallary orkestriniň ýolbaşçysy Omar Igamow hem-de TMK-nyň 4-nji ýyl talyby Allamyrat Muhammetgulyýew (gargy tüýdük) wekilçilik etdiler.
Saz forumynyň baý maksatnamasy artistleriň Samarkandyň dürli meýdançalarynda çykyş etmeklerini hem-de «Gündogar halklarynyň saz medeniýeti: ählumumylaşma işlerinde döredijilik taýdan ýakynlaşmagyň ýörelgeleri» atly maslahatyň geçirilmegini özünde jemleýär.
Mundan başga-da, iki ugry: halk aýdym-sazlarynyň hünär (nusgawy) ugruny, şeýle hem häzirki zaman kompozitorlarynyň döredijiligine esaslanan aýdym-saz ugruny gurşap alýan bäsleşik guraldy.
Festiwalyň baş maksady milli saz sungatynyň gazananlaryny görkezmekden, halklaryň medeniýetlerini we däplerini goramakdan hem-de ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle hem ol aýdym-saz ulgamynda zehinli ýaşlary goldamaga, halkara döredijilik aragatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de parahatçylyk, dostluk we özara düşünişmek maksatlaryny wagyz etmäge gönükdirilendir.
«Şark taronalari» atly halkara festiwaly 30-njy awgustda tamamlanar. Gala-konsert hem-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy wakanyň jemleýji bölegine öwrüler.