Ï Türkmenistanda peýdaly ykjam goşundylara syn
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda peýdaly ykjam goşundylara syn

view-icon 3318
Türkmenistanda peýdaly ykjam goşundylara syn

Sanly ykdysadyýetiň ýokarlanmagy bilen Türkmenistanda ykjam enjamlar üçin peýdaly goşundylaryň sany artýar. Olar maliýe amallarynyň dolandyrylmagyny ýeňilleşdirip, pul serişdeleriniň galan möçberini tiz görmäge, öz amallaryňyzy barlamaga, pul geçirimlerini amala aşyrmaga hem-de dürli hyzmatlary tölemäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda möhüm goşundylara gysgaça syn berýäris, şolar ulanyjylara gündelik durmuşyň dürli ugurlarynda netijeli gatnaşyk etmäge kömek edýär.

«e.gov.tm»

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly «e.gov.tm» ykjam goşundysyny ýükläp alyp, ulanyjylar döwlet edaralarynyň hödürleýän onlaýn hyzmatlaryna islendik wagt ýüz tutmaga mümkinçilik alýarlar. Goşundy ähli hyzmatlaryň bitewi platforma birleşendigi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa onlaýn görnüşde hyzmatlary tölemäge we hasabyň üstüni doldurmaga mümkinçiligi üpjün edýär.

«Türkmenmetbugat»

Amatly goşundy syýasat, sport, medeniýet we beýlekiler ýaly dürli ugurlary gurşap alýan ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallaryň giň görnüşlerini hödürleýär. Her ulanyjy abuna ýazylyp, neşir önümleriniň PDF-görnüşini ýükläp alyp bilýär, bu bolsa ykjam enjamlarda ýa-da kompýuterde, hatda internete elýeterlilik ýok wagtynda-da okamaga mümkinçilik berýär.

«Turkmenistan Airlines» 

Howa uçarlaryna petekleri göni «Türkmenistan» awiakompaniýasyndan» satyn almak üçin oňaýly goşundylaryň biridir. Örän düşnükli gatnawlar, ugralýan we barylýan şäherler, syýahat etmegiň seneleri hem-de isleg bildirilýän hyzmat ediş derejesi boýunça gatnawlary ýeňil tapmaga we öňünden orny bellemäge mümkinçilik berýär.

«Gerekli»

Bütin Türkmenistan boýunça alyjylary we satyjylary birleşdirýän söwda onlaýn-meýdançasydyr. Goşundynyň kömegi bilen ulanyjylar durmuş tehnikalaryny, elektronika harytlaryny, egin-eşikleri, haly önümleri we ençeme beýlekileri goşmak bilen dürli harytlary gözläp bilýärler. Onlaýn arkaly tölemek hem-de harytlary ýurduň islendik ýerine eltip bermek hyzmaty elýeterlidir.

«Duralga»

Aşgabat we Arkadag şäherleriniň awtobus gatnawlaryny yzarlamak üçin ugrukdyryjy görnüşindäki peýdaly goşundydyr. Ol her ulag serişdesiniň barýan ýerini takyk kesgitlemek üçin GPS-i ulanýar hem-de bu maglumaty elektron kartada beýan edýär. «Duralga»-nyň kömegi bilen ulanyjylar jemgyýetçilik ulagynda barjak ýerlerini ýeňillik bilen meýilleşdirip bilýärler. 

Ýurdumyzda ulanyşa girizilen bu we beýleki goşundylar raýatlaryň dürli döwlet we täjirçilik hyzmatlary bilen gatnaşyklarynyň derejesini artdyryp, ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini gowulandyrmakda möhüm orun eýeleýärler.