Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Şu ýyl Estoniýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi mynasybetli geçen ýyllaryň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilendigini we häzirki döwürde-de ösdürilýändigini nygtamaga şatdyryn. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt edýärin. Häzirki döwürde durnuklylyk hem-de dostlukly gatnaşyklar uly ähmiýete eýedir.
Pursatdan peýdalanyp, Size we türkmen halkyna 27-nji sentýabrda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollamak isleýärin. Munuň özi gazanylan üstünliklere buýsanmak hem-de geljege ynamly garamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, şeýle hem Türkmenistana we onuň halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!
Alar Karis,
Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti.