Ï Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlandy

view-icon 4115
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlandy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Aşgabat şäher Geňeşi we Aşgabadyň dokma toplumynyň TMÝG-niň ilkinji guramasy bilen bilelikde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan «tegelek stol» geçirdi.

Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistanda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz we Berkarar döwlet baradaky arzuwlarynyň hasyl bolandygyny aýtdylar. Garaşsyzlyk ýurduň ykdysadyýet we medeniýet pudagynda ähli ösüşleriniň özeni bolup, halkyň ýylsaýyn ösýän hal-ýagdaýyny üpjün etmekde gazanan üstünlikleriniň esasyna öwrüldi. Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan dünýä bileleşiginde öz ornuny tapdy, parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak we ählumumy durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ählumumy tagallalara goşandyny goşdy.

«Tegelek stola» gatnaşyjylar 24-nji sentýabrda ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýaşlaryň taýýarlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Olar Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler jemlenip, ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşi üçin strategiki ugurlar kesgitlenjek bu umumymilli forumyň ähmiýetini bellediler.