Türkmenistanyň teatrlary we sirkleri 1-nji sentýabrda spektakllary hem-de özüne çekiji sirk tomaşalary bilen täze möwsümi açdylar. Sahna eserleriniň aglabasy beýik nusgawy we akyldar şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlandy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry tomaşaçylary «Magtymguly – köňül guşy» spektaklyna, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry bolsa «Akyldar» spektaklyna çagyrdy.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry täze möwsümi «Pursat» spektakly, A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry «Türkmen bagty» spektakly, Mollanepes adyndaky Talyplar teatry «Ýegdir galsa ýagşy at» spektakly, Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry «Älem nury» spektakly bilen açdylar. Türkmen döwlet gurjak teatry körpeje tomaşaçylara «Aladdin» spektaklyna tomaşa etmegi hödürledi.
Welaýatlardaky teatr toparlary: Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Dowamatdyr, bagtyýardyr, sarsmaz türkmen binasy», Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerine...» we Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda «Ajap eýýam» atly spektakllary täze möwsüme taýýarladylar.
Türkmen Döwlet sirkinde sirk möwsümi «Ganatly bedewler» baradaky tomaşa, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde «Galkynyşlaň öwşüni sen, Arkadag!» tomaşasy bilen açyldy. Möwsüm açylandan soň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki tomaşaçylary her ýekşenbe güni 15:00-da özüniň täsin hem-de şowhunly tomaşalaryna çagyryp, akrobatçylaryň, gimnastikaçylaryň, žanglýorlaryň, masgarabazlaryň, şadyýanja maýmynjyklaryň, şeýle hem dünýäniň ençeme ýurtlarynda uly abraýa eýe bolan meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çapyksuwarlarynyň çykyşlaryndan ýatdan çykmajak täsirleri bagyş etjekdiklerine ynandyrýarlar.