Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 3047
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň başyndan bäri Milli goşunymyzyň bölümlerinde alnyp barlan işler, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek babatda görülýän çäreler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň üstünlikli geçirilendigi, şanly sene — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görülýändigi barada aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilendigini belledi. Täze toplumda Watan goragçylarynyň ýaş neslini kemala getirmek, olaryň zehinini ösdürmek, dürli harby hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, netijeli okamak, harby talyplaryň amatly ýaşaýyş-durmuşy, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilendir.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan we üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň Türkmenistanda parahatçylygyň hem-de asuda durmuşyň ygtybarly kepili hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ministrligiň garamagyndaky düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegini, goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy wezipeleri hökmünde kesgitledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişe ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine onuň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, harby gullugy geçýän esgerleri Watanymyza çäksiz söýgi ruhunda terbiýelemek boýunça degişli işleri geçirmek barada görkezme berildi.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň sekiz aýyndaky işleriň netijeleri, ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda kanunçylyk düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, berkarar döwletimizde kanunylygyň we hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagynyň, raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilmegi bilen bagly düzgün bozulmalary öz wagtynda ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we Baş prokurora birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işiniň netijeleri, Içeri işler ministrliginiň edaralaryna sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda geçirilýän biraýlygyň başlanandygy, onuň çäklerinde paýtagtymyzda, welaýatlarda ulaglaryň gatnawyny kadalaşdyrmak, pyýada ýolagçylaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjesini ýokarlandyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreler hakynda aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanunylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmegini, hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, däp bolşy ýaly, sentýabr aýynda täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň ähmiýetini belläp, onuň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýangyn howpsuzlygynyň, ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegi boýunça işleriň hilini ýokarlandyrmak babatda anyk çäreleriň görülmelidigini nygtap, IIM-niň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şol sanda sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak arkaly kazyýet ulgamynyň işiniň kämilleşdirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek babatda görülýän çäreler hakynda aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanunylygy, adalatlylygy, hukuk tertibini üpjün etmegiň bu düzümiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Munuň özi hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň ähli ulgamlaryny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary yzygiderli guramak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana gol çekdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň sekiz aýyndaky işleriň netijeleri, döwlet bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işiň döwrebap usullaryny we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, degişli ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrligini ösdürmegiň degişli maksatnamasynyň ileri tutulýan wezipeleriniň bellenen möhletlerde we talabalaýyk ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň başyndan bäri Watanymyzyň serhetleriniň goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň nazaryýet we söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň serhetlerinde asudalygyň üpjün edilmeginiň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerine esaslanmalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini belläp, gullugyň ýolbaşçysyna döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň, hususan-da, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, düzümleýin edaralara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça geçirilen işleriň netijeleri, kabul edilýän hukuk namalarynyň maksatlaryny raýatlara düşündirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ministre ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işlere işjeň gatnaşmak tabşyryldy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi babatda görülýän çäreler, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük gözegçilik-geçiriş nokatlarynda döwletimiziň çägine getirilýän harytlaryň talabalaýyk resmileşdirilmegini üpjün etmek üçin zerur işleriň ýerine ýetirilmelidigini belläp, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, edaranyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň netijeli çözülmegi boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gullugyň ähli düzümleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin dünýäniň oňyn tejribesini, milli kanunçylygyň esasy ýörelgelerini utgaşdyrmak zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we işde öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny has işjeň ulanmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, Watanymyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Döwletimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly üns berilýär diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.