Ï Gyzylarbatly bakjaçylaryň batly gadamlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gyzylarbatly bakjaçylaryň batly gadamlary

view-icon 2381
Gyzylarbatly bakjaçylaryň batly gadamlary
camera-icon
Andreý Pakulow

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde daýhanlarymyza mukaddes toprakdan bol hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin ähli döwrebap şertlerdir mümkinçilikler döredilip berilýär. Munuň özi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ak bazarlaryny ýylyň islendik paslynda ter gök-bakja önümleri bilen yzygiderli üpjün etmekde mynasyp orun tutýar. 

Şu ugurda ýurdumyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň iri oba hojalyk merkezi bolan Gyzylarbat etrabynda hem tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Şu günlerde bolsa gyzylarbatly bakjaçylar bereketli meýdanlarynda ýetişdirýän bakja ekinleriniň bol hasylyny ýygnap, terligi bilen alyjylara ýetirýärler. Şeýle-de arzyly, islegli, önümlerden kak, toşap ýaly üýtgeşik nygmatlary taýýarlaýarlar. Etrap boýunça üstümizdäki ýylda iki müňden gowrak gektar bakja meýdanyndan 42 müň tonna hasyl almak bellenildi. Häzirki wagtda 43 müň tonnadan gowrak hasyl alyp, asylly maksada abraýly hötde gelen edermen hasyl ussatlary gawundyr garpyz hasylyny ýygnamak işlerini gowşamaýan depginlerde gyzgalaňly dowam etdirýärler.

Ýylyň-ýylyna bolşy ýaly, bu ýyl hem balkanly bakjaçylar süýjülikde şeker-nabatdan süýji, baldan datly gawundyr garpyzyň ençeme görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde guwandyryjy netijeler gazandylar. Şu mahal hem Garagum derýasynyň boýunda keşde kimin çekilen bereketli meýdanlarda zähmet gaýnap-joşýar. Bakjaçylar bu altyn topragyň üýtgeşik, täsin nygmatlary bolan gawun-garpyzlaryň onlarça görnüşiniň hasyllaryny ýygnamakda has-da yhlaslylyk görkezýärler. Şeýdibem, olar azyk önümleriniň bolçulygyny döredip, bazarlarymyzy gök-bakja, miwe önümleri bilen dolduryp, tebigy taýdan arassa, geçginli önümleri ilatymyza ýetirýärler. Olaryň ösdürip ýetişdirýän hasyllaryna-da diňe welaýatyň däl, beýleki sebitleriň merkezlerinde hem uly isleg bildirilýär.