Şu günler «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde kärhanalarda, guramalarda, mekdebe çenli çagalar baglarynda we okuw mekdeplerinde düşündiriş çäreleri geçirilýär. Ýaş nesliň arasynda düşündiriş işlerini geçirmäge aýratyn üns berilýär, sebäbi çagalar ulag-ýol hadysalaryna ýakyndyrlar.
Şonuň üçin ulularyň esasy wezipelerinden biri çagalara ýol düzgünlerini berk berjaý etmegi öwretmekdir. Çagalar baglaryndan başlap mekdeplere çenli bilim edaralarynyň ýaş nesliň arasynda ýolda howpsuz özüni alyp barmak endiklerini kemala getirmekde ähmiýeti uludyr.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Çagalar awtoulag mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek temasyndan çäre geçirdi.
Awtoulag mekdebiniň kompýuter otagynda mekdep okuwçylary üçin interaktiw we amaly sapaklar gurnalyp, çagalar ýol belgileri we ýol hereketiniň düzgünleri bilen tanyşdyryldy. Çärä gatnaşyjylar muzeýe baryp, onuň eksponatlary bilen tanyşdylar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy halkara merkezinde saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Bilim ministrliginiň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.
Oňa gatnaşanlar ýol hereketiniň howpsuzlygy babatynda görülýän çäreleri, şeýle hem her ýyl ýol-ulag hadysalarynyň sanyny azaltmaga gönükdirilen çäräniň netijeliligini ara alyp maslahatlaşdylar.
Düzgün bozulmalarynyň öňüni almak boýunça okuw çäreleri şu ýylyň 30-njy sentýabryna çenli dowam eder. Çäräniň çäklerinde ýolda howpsuz özüni alyp barmak barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maslahatlary we çykyşlary geçirmek göz öňünde tutulýar.