Ï “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

view-icon 3921
“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýaş zehinleriň arasynda meşhur bolan döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda her ýyl geçirilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäher häkimligi zehinli ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginiň guramaçysy bolup çykyş etdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden ýaş artistleri bir ýere jemleýän bu bäsleşik olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, halkymyzyň baý ruhy mirasyna, aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna şert döredýär. “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi soňky ýyllarda täze zehinleriň ençemesiniň ýüze çykmagyna ýardam etdi. Ol türkmen aýdym-saz sungatynyň geljegine ser salmaga, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns-aladalary netijesinde ýaş zehinleriň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmeklerine täze itergi berýär.

Häzirki wagtda medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça giň möçberli işler alnyp barlyp, ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurulýar. Olarda bu aýdym-saz bäsleşigine gatnaşýanlaryň hem çykyşlary guraldy. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň aglabasy başlangyç aýdym-saz bilimini sungat mekdeplerinde aldylar, döredijilik bilen meşgullanmak, milli aýdym-saz sungatymyzyň şöhratyny artdyrmaga höwesli ýerine ýetirijileri ýüze çykarmak üçin hemme mümkinçilikler döredilen oba medeniýet öýlerinde döredijilik ukyplaryny ýüze çykardylar. Bäsleşigiň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryny üstünlikli geçip, jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan zehinli aýdymçylaryň umumymilli gözden geçirilişi aýdym-saz sungatynyň dünýäsine aralaşmakda möhüm badalga boldy. Tomaşaçylar üçin bolsa ol ýaş zehinler bilen tanyşdyrýan hakyky baýramçylykdyr.

Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iň mynasyp iki aýdymçy döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, ýaş aýdymçylaryň 14-si “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Olar nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen, şeýle hem halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Soňky ýyllarda şeýle bäsleşiklere gatnaşýanlara ses bermek, sesleri sanamak işiniň sanly tehnologiýalaryň üsti bilen amala aşyrylýandygy bellärliklidir. Jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň çykyşlaryna ýokary derejeli eminler tarapyndan baha berildi. Aýdymçylaryň arasyndan iň ukyplylaryny saýlamak emin agzalaryna ýeňil düşmedi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylaryň çykyşlary sazly we sazsyz görnüşde ýaňlandy. Şunda olaryň aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygy, sahnada özüni alyp barşy hem hasaba alyndy. Jemleýji tapgyryň konsertine geçen ýyllaryň gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Munuň özi türkmen medeniýetinde halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, dutarçy bagşy-sazandalaryň, zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän bu telebäsleşigiň ýurdumyzyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň aýdym-saz sungatyna söýgüsini, höwesini artdyrmaga, zehin-ukyplaryny kämilleşdirmäge ýardam berýändigi bellenilýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu döredijilik bäsleşiginiň ähmiýeti has-da artýar.

Bu günki ajaýyp döwrümizde höwesjeň aýdymçy ýaşlarymyzyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary hem, meşhur kompozitorlarymyzyň döredijilik mekdebi ýaly, kämilligi we milliligi bilen ýürekleri joşdurmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi hem-de höwesjeň aýdymçy ýaşlarymyzyň her biriniň geljekde halkyň kalbyna ornaýan, göwünlere ganat baglaýan aýdymlary has-da joşgunly ýerine ýetirjekdiklerine, bu ugurda ukyp-başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Konsertiň jemleýji tapgyryň ähli gatnaşyjylarynyň ýerine ýetirmeginde bäsleşigiň özboluşly senasyna öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» aýdymy bilen dabaraly başlanmagy döredijilik çäresine baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Açyk sahna meýdançasyndaky çykyşlar döwlet Baştutanymyzyň aýdym-saz sungatymyzy kämilleşdirmek babatda edýän tagallalaryna hoşallyk bolup ýaňlandy.

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň guramaçylary bu gözden geçirilişiň täze ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagynda möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn bellediler. Bäsleşige gatnaşýanlaryň arasynda köp sanly belli aýdymçylar hem bar. Olaryň köpüsi köpöwüşginli şekilli aýdymlary bilen giň halk köpçüliginiň arasynda ykrar edilýär. Ýaş ýerine ýetirijiler häzirki zaman aýdym-sazlaryny özünde jemleýän joşgunly çykyşlary tomaşaçylara hödürlediler. Ata Watanymyzy, halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, täze taryhy döwürde amal edilýän beýik işleri, mähriban topragymyzyň tebigatyny we gözelligini belentden wasp etdiler. Bäsleşige gatnaşýanlaryň köpüsi nusgawy şahyrlaryň sözlerine belli türkmen kompozitorlary tarapyndan döredilen hem-de meşhur dessanlardan aýdymlary ýerine ýetirdiler. Çykyşlaryň maksatnamasyna geçen ýyllaryň meşhur eserleri hem girizildi. Şolarda häzirki zaman äheňleri, gadymy halk mukamlary sazlaşykly utgaşýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, halkymyzyň ruhy-medeni hazynasyny baýlaşdyrýan aýdym-saz eserleriniň dowamatlylygy ýaş aýdymçylaryň döredijiliginde, aýdym-sazlarynda öz beýanyny tapýar.

Sahnada jemleýji tapgyra gatnaşyjylar bilen birlikde, ozalky bäsleşikleriň ýeňijileri hem çykyş etdiler. Olaryň köpüsi üçin «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi many-mazmuna baý döredijilik durmuşyna, uly estrada ýol açdy. Bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzyň sahnasynda eden çykyşlaryna aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşdiler. Her bir aýdym-saz çykyşy öz kompozisiýasy, usuly, ýerine ýetirijilik özboluşlylygy bilen tapawutlandy hem-de tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde joşgunly ýaňlanan we konsertiň özboluşly jemlenmesine öwrülen “Alkyşnama” atly aýdym ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, milli sungatymyzyň şan-şöhratyny belende götermek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize bagyşlanýar.

Aýdym-saz baýramçylygy tamamlanandan soňra, bäsleşigiň jeminiň jemlenilmegi we ýeňijileriň yglan edilmegi iň tolgundyryjy pursada öwrüldi. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijiler yglan edildi we olara ýörite diplomlar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular.

Ýeňijiler ýurdumyzda döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertleriň döredilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler, şeýle-de mynasyp bolan sylaglaryny diňe uly hormat we jogapkärçilik hökmünde däl, eýsem, sungatyň dörediji, birleşdiriji güýjüniň subutnamasy hökmünde hem kabul edýändiklerini aýtdylar.

“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, ähli tagallalaryny, zehinini, ylhamyny milli sungatymyzyň galkynmagyna, onuň dünýäde giňden wagyz edilmegine gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.