Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Sizi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny dünýäde dabaralandyrmakda, halkara abraýyny artdyrmakda, sport diplomatiýasyny ösdürmekde gazanylan nobatdaky üstünlik — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň dowamynda gurama agza döwletleriň 87-siniň awtordaş bolup gatnaşmagynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen çözgüt Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan döwletdigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz!
Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna ýokary ruhubelentlik bilen barýan günlerimizde kalbymyzy joşduran bu hoş habar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende göterýär. Täze Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä bileleşiginiň Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, dost-doganlygy pugtalandyrmak boýunça geçirilýän ägirt uly işleri makullaýandygynyň hem-de goldaýandygynyň güwäsidir. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi hem-de 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, şeýle-de nobatdaky dünýä ähmiýetli çözgüdiň giňden goldaw tapmagy ýurdumyzyň sporty ösdürmekde gazanan üstünlikleriniň dowamat-dowam bolýandygyny tassyklaýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siz sportuň parahatçylygyň ilçisi hökmünde ornuny berkitmäge aýratyn üns berýärsiňiz. Siziň üstünlikli durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleriňiz netijesinde ýurdumyzyň halkara sport abraýy barha ýokarlanýar. Türkmenistanly türgenler iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, türkmen sportunyň halkara abraýyny belende göterýärler. Soňky ýyllarda Diýarymyzda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň hem-de dünýä sportunyň taryhynda täze sahypalary açdy. Kuraş boýunça dünýä çempionaty, tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn birinjiligi, hokkeý boýunça halkara ýaryşy hem iri sport ýaryşlarynyň hatarynda görkezmek bolar.
Hormatly döwlet Baştutanymyz!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda sportuň döwrebap maddy-enjamlaýyn üpjünçilik ulgamyny döretmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgenleriniň türgenleşmekleri üçin ähli şertler döredildi. Döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde hem köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion gurlup ulanmaga berildi. Şu ýyl paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Sizi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.