2024-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynda şu ýylyň 28-nji oktýabr – 3-nji noýabr aralygynda Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VIII halkara sungat festiwalyna bagyşlanan konsert bolar. «Dutaryň owazy» atly VIII festiwalynda boljak konsertde emin agzalary we dürli ýyllardaky saz bäsleşikleriniň ýeňijileri çykyş ederler.
Konsert türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli VIII Moskwa halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň taýýarlan giňişleýin maksatnamasynyň çäreler tapgyrynyň dowamy bolar. Şu wagta çenli geçirilen çäreleriň arasynda türkmenistanly we russiýaly sungat artistleriniň çykyş eden konsertleri bar.
7-nji aprelde Moskwada beýik nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça çäreleriň başlangyjy bolan Zurab Sereteliniň Sungatlar galereýasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly konsert geçirildi. 21-nji awgustda Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda «Sözlär tili türkmeniň» atly konsert boldy. Mundan başga-da, esasy wezipesi esasan-da Russiýanyň ýaşlarynyň arasynda Magtymgulynyň döredijilik mirasyny çuňňur öwrenmek we wagyz etmek bolan bäsleşikler guraldy.
«Dutaryň owazy» atly festiwalyň guramaçylyk komitetiniň berýän habaryna görä, bäsleşiklere we «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly ylmy maslahata işleri kabul etmek bes edildi. Hususan-da, Magtymgulynyň goşgularynyň çeper bezeginiň bäsleşigi we kompozitorlaryň «Magtymguly Pyragynyň goşgularyna saz eserleri» atly bäsleşigine gatnaşmaga arzalary kabul etmek tamamlandy.
Bäsleşige özüne çekiji we özboluşly işleriň ençemesi kabul edildi, emin agzalary olara höwes bilen baha berip başladylar. Bu bäsleşikleriň jemi boýunça bäsleşigiň aýgytlaýjy tapgyryna çykanlaryň döredijiligini öz içine alýan notaly we çeper ýygyndysyny çap etmek meýilleşdirilýär. Bu eserler diňe bir oňa gatnaşanlaryň zehinini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, şygryýetiň gudratyny we saz jadysyny birleşdirip, medeni mirasy baýlaşdyrar.
«Dutaryň owazy» atly festiwalyň guramaçylyk komiteti 1-nji oktýabra çenli şu bäsleşiklere gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilýändigini ýatladýar:
«Sözler älemi» atly çeper okaýyşlaryň halkara edebiýat bäsleşigi http://dutar-sounds.ru/ru/contests/poem-recitation-competition.html
«Paýhas şineleri: beýik akyldaryň sapaklary» taslamalar bäsleşigi http://dutar-sounds.ru/ru/festival_sounds_of_dutar/project competition.html
Milli ýörelgeler esasynda dürli ugurlardan akademiki sazlary iň gowy ýerine ýetirijileriň bäsleşigi.
http://dutar-sounds.ru/ru/contests/music_competition.html
Bäsleşikler onlaýn we offlaýn görnüşlerde geçirilýär.