«Skolkowo» gaznasynyň wekili Aleksandr Okunew ykdysadyýete ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça «HI-TECH Türkmenistan 2024» halkara maslahatynyň mejlisinde çykyş etdi we Russiýanyň innowasiýa kompaniýalarynyň türkmenistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.
Aleksandr Okunewiň belleýşi ýaly, häzirki wagtda diňe bir işläp taýýarlamalaryň däl, eýsem, innowasiýalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetine düşünýän jemgyýet döredilýär.
– Türkmenistanda innowasiýalaryň işjeň durmuşa geçirilýändigini görýäris. Ähli ugurlarda «akylly» şäheriň elementleri peýda bolýar, oba hojalygynda hem tehnologiki meseleler çözülýär. Şol sebäpli bilelikde işlemekde uly geljegimiz bar. Diňe bir ýurtlarymyzda däl, eýsem, bütin dünýäde islegli hili gowy önümleri döredip bileris – diýip, ol nygtady.
Moskwadaky «Skolkowo» innowasiýa merkezi Ýewropadaky iri merkezleriň biridir. Ol täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we täjirleşdirmek üçin şert döredýär, startaplary, ylmy institutlary we maýadarlary birleşdirýän innowasiýa ekoulgamyny döredýär. Merkezde hökümet tarapyndan goldanylýan 4000-den gowrak innowasiýon kompaniýa hereket edýär.
«Skolkowo» gaznasynyň wekiliniň Aşgabada saparynyň maksatlaryndan biri-de ýerli hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyga ünsi çekip, rus kompaniýalarynyň Türkmenistan ýaly halkara bazarlaryna girmegine goldaw bermekdir. Okunew TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynda we işewürlik-inkubatorlarynda startaplaryň artýandygyny belledi, bu bolsa özara gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler döredýär.
Geljekde «Skolkowo» türkmen bazaryna gyzyklanýan rus kompaniýalaryny çekmegi, Russiýa Federasiýasynyň we GDA ýurtlarynyň bazarlaryna çykmak isleýän ýerli kompaniýalary goldamagy göz öňünde tutýar.
Myhman çykyşyny jemläp, Türkmenistanyň Hökümetine, «HI-TECH Türkmenistan 2024»-iň guramaçylaryna we TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynda maslahatyň we serginiň ýokary derejede geçirendikleri üçin hoşallyk bildirdi.