Ï Adam hukuklary baradaky meseleler we olary durmuşa geçirmegiň ýörelgeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Adam hukuklary baradaky meseleler we olary durmuşa geçirmegiň ýörelgeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2230
Adam hukuklary baradaky meseleler we olary durmuşa geçirmegiň ýörelgeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Adam hukuklary boýunça milli guramalaryň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen özara gatnaşygynyň ýörelgeleri, şeýle hem Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň BMG-niň Pariž ýörelgelerine laýyk hukuk mandatyna bagyşlanyp, ozal Daşoguz we Balkan welaýatlarynda geçirilen maslahatlar tapgyry Mary we Lebap welaýatlarynda öz işini dowam etdi.

Maslahatlar Adalatçynyň diwanynyň BMG-niň Türkmenistandaky ÖM bilen bilelikdäki «Adalatçynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini güýçlendirmek» taslamasynyň çäklerinde adam hukuklary boýunça ýerli merkezlerde geçirildi. Oňa harby we hukuk goraýjy edaralaryň welaýat bölümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, welaýatlaryň häkimlikleriniň, aklawçylar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşleriniň, Zenanlar bileleşiginiň we Kärdeşler arkalaşyklary Milli merkeziniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa we BMG-niň Türkmenistandaky ÖM-iň işgäri Laçyn Artykowa öz çykyşlarynda adam hukuklaryny goramak we höweslendirmek boýunça döwlet syýasatyny, Adalatçynyň diwanynyň maksatlaryna ýetmekde tutýan ornuny beýan etdiler we adam hukuklaryny üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtadylar. 

Maslahatlarda Adalatçynyň diwanynyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryna we amaly ugurlaryna, adam hukuklaryny höweslendirmek we goramak bilen baglanyşykly milli guramalaryň ýagdaýy bilen meşgullanýan milli edaralaryň derejesine degişli BMG-niň Pariž ýörelgeleri, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky ÖM-iň Adalatçynyň diwany bilen hyzmatdaşlygyna, Adalatçynyň 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Hasabatyna we 2022-nji ýylda Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermegiň netijelerine esasynda ATF-iň teklipleriniň ýerine ýetirilişine bagyşlanan çykyşlar boldy. Çäreleriň dowamynda hödürlenen maglumatlar we ara alnyp maslahatlaşmalar olara gatnaşyjylaryň adam hukuklary we olary durmuşa geçirmegiň ýörelgeleri, Adalatçynyň diwanynyň işi baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmaga ýardam etdi.