Ï Adam hukuklary barada okuw maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Adam hukuklary barada okuw maslahaty geçirildi

view-icon 2430
Adam hukuklary barada okuw maslahaty geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda adam hukuklaryny goramakda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň orny boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, welaýat prokuraturasynyň, kazyýet edaralarynyň, welaýat häkimliginiň işgärleriniň, degişli edaralaryň hünärmenleriniň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň esasy maksady adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralaryň kazyýet edaralary bilen iş alyp barmaklygynyň halkara tejribesini öwrenmekden, paýlaşmakdan ybarat boldy.

Okuw maslahatynda ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, raýatlaryň durmuşy bilen baglanyşykly kadalary milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak, zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işler dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda oňa gatnaşan wekiller adam hukuklaryny goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek, raýat hukuklaryny we eldegrilmesizligini üpjün etmek bilen bagly milli meýilnamalary durmuşa geçirmek, döwlet, häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda raýatlaryň ýüz tutmalaryna seretmek, degişli çözgütleri kabul etmek boýunça ýurdumyzyň kanunçylyk edaralarynyň alyp barýan işleri barada hem aýratyn durup geçildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda bu möhüm ugurlarda milli, sebitleýin we halkara derejelerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýurdumyzyň işjeňliginiň dünýä jemgyýetçiliginde ýokary baha mynasyp bolýandygy, ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwer ýörelgelere esaslanan milli däp-dessurlarymyzyň ýurdumyzda häzirki wagtda hereket edýän kanunçylykda öz beýanyny tapýandygy nygtaldy.