Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuk babatyndaky borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça pudagara komissiýanyň iş toparynyň agzalary Türkmenistanda çaga hukuklaryny berkitmek maksady bilen, Ýagdaý derňewiniň deslapky netijelerini we teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş mejlisini geçirdiler.
Çärä gatnaşýanlara giriş sözi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna çykyş etdi. Maslahat halkara bilermen Zlatko Nikoloskonyň gatnaşmagynda geçirildi. Ol çärä gelenleri derňewiň esasy netijeleri bilen tanyşdyrdy. Maslahata gatnaşanlar Ýagdaý derňewiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara bilermeniň netijeleri bilen baglanyşykly pikirlerini aýtdylar.
Çäräniň maksady gyzyklanýan taraplary Ýagdaý derňewiniň netijeleri bilen tanyşdyrmak, oňa garamak we ony ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem mundan soňky etmeli işleri we teklipleri belli etmekdi.