Ï Aşgabadyň «Startup akademiýasy»: «Bize hemişe ideýaly adamlar gerek»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabadyň «Startup akademiýasy»: «Bize hemişe ideýaly adamlar gerek»

view-icon 1310
Aşgabadyň «Startup akademiýasy»: «Bize hemişe ideýaly adamlar gerek»

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen «HI-TECH Türkmenistan 2024» sergisinde Aşgabadyň «Startup akademiýasynyň» diwarçasy bilesigeliji işjeň ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi.

Bu çäräniň çäklerinde MTC Agentliginiň maslahat beriş kompaniýasynyň wekilleri täze mümkinçilikler barada gürrüň berdiler we 12-nji oktýabrdan başlap ýaş telekeçiler we innowatorlar üçin okuw we maslahat beriş maksatnamasynyň işläp başlandygyny habar berdiler.

Maksatnamada 7 hepdelik ýokary depginde alnyp baryljak okuw göz öňünde tutulýar. Oňa gatnaşyjylara telekeçilik ideýalaryny düzmegiň ýörelgeleri, başlangyç mümkinçiliklerine baha bermegiň ýollary, okuwa gelen diňleýjileriň meselelerini we isleglerini kesgitlemegiň usullary bilen tanyşdyrylar. Okuw maksatnamalaryna gatnaşmak üçin ýüz tutup bilersiňiz ýa-da kompaniýanyň saýtyndan giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz.

«Startup akademiýasynyň» wekili Daniil Maýkowskiý:

– Biz tehnologik başlangyçlar üçin döredilen usulyýet boýunça işleýäris. Okuw we maslahat beriş bu özboluşly iş usuly oňa gatnaşyjylara tehnologiýa we innowasiýa pudagynda okuw maksatnamamyzy taýyn taslama bilen tamamlamaga mümkinçilik berýär – diýip, gürrüň berdi.

Her ýyl bazarlarda ulanylman galýan ýüzlerçe goşundy döredilýär. Startup bilermenleriniň pikirine görä, taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi 80 göterim ony satmagy başarmaga bagly bolsa, bary-ýogy 20 göterim oýlap tapyşa baglydyr. Okuw wagtynda oňa gatnaşyjylar bazary öwrenýärler, işewürlik taslamalaryny seljerýärler we onuň kime gönükdirilendigini kesgitleýärler.

– Bizde zehinli uçurymlar köp, sebäbi hemişe ideýaly adamlar gerek. Täze başlanlar üçin diňe bir çeşmeden kömek alyp üstünlik gazanmak mümkin däl. Telekeçilik gaty uly maýa goýumlaryny talap edýär, ýöne başlangyçlara az pul bilenem başlap bolar. Şeýle uçurymlarymyzyň biri Aýdym.com taslamasyny şowly işledip başlady – diýip, «Startup akademiýasynyň» wekili Galina Kalagina gürrüň berýär

«Startup akademiýasy» eýýäm 4 ýyl bäri işläp gelýär. Bu döwürde 90 taslama tamamlandy. Olardan 33 göterimi işe girizildi we 15 göterimi gowy üstünlik gazandy.

Dogrusy, käte adamda mümkinlik bar-da, ýöne taslama döretmäge ideýasy bolmaýar. Bu ýagdaýda näme etmeli?

Daniil Maýkowskiý:

– Eger ideýaňyz ýok bolsa, sizi 3-nji oktýabrda geçiriljek «Ideathona» çagyrýarys. Ol ideýany işläp taýýarlamak, şeýle hem bilermenler we pikirdeşler bilen pikir alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir – diýdi.